Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda ukrain aktiwistleri sorag edişlikden soň goýberildiler


Şu gün Ukrainanyň feminist guramasynyň üç sany agzasy Belarusda soraga çekilmeklerinden soň, Ukraina dolanyp bardylar.

Düýbi Kiýewde ýerleşýän FEMEN guramasyna degişli üç gyz şu hepdäniň duşenbe güni Minskde Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň syýasatyna garşy protest bildirip, billerine çenli ýalanaçlanyp, piket geçirmekleriniň yzy bilen, ýitirim bolupdylar.

Birneme soňra olar Ukrainanyň Minskdäki ilçihanasynyň resmilerine özleriniň Belarusyň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan alnyp gaçylandyklaryny we haýbat atylandyklaryny gürrüň berdiler.
XS
SM
MD
LG