Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Moskwa wagty bilen...


Ýok, hormatly okyjy, men size sowet döwründe Türkmenistanda ýerli wagt bilen birlikde Moskwa wagtynyň hem ulanylandygyny ýatlatmakçy bolamok.

Aşyrguly Baýryýew
Aşyrguly Baýryýew
Şu çaklaňja ýazgym biziň günlerimizde-de Moskwa wagtynyň ýurdumyzyň azyndan iki şäherinde ulanylýandygy hakynda. Olaryň ikisi-de – Gyzylarbadam (häzirki Serdar), Gazanjygam (häzirki Bereket) Balkan welaýatyna degişli.

SSSR-iň dargamagyna 20 ýylyň geçendigine garamazdan, bu şäherlerde köp öýlerde sagatlar Moskwa wagtyna düzülen. Iň gyzykly ýerem – Orsýetiň şu ýyla çenli gyş-tomus wagtyna geçip gelendigine seretmezden, bu şäherleriň raýatlarynyň aglabasynyň öýlerindäki sagatlaryň peýkamlary öňe-de, yza-da sürlüp ýörülmedi. Şonuň üçin olaryň görkezýän wagty gyş ýa tomus Moskwa wagty bilenem deň gelip durmaýardy.

Wagt bilen baglanyşykly geň ýagdaý barada gyzylarbatly käbir raýatlardan sorasaň, Moskwa wagtyny ulanmaklarynyň sebäbini wagon bejeriş zawodynyň gudogynyň şol wagta laýyklykda gygyrýandygy bilen delillendirmäge çalyşýar. “Siz gudogyň zoguny ýerli wagta geçirseňiz, ýanasaňyz dogry bolar-a” diýseň-de, ylalaşman, “Biz şol wagta halys öwrenişipdiris, ony ulansak ýalňyşmaýarys” diýip, jogap berýär.

Gazanjykda-da Moskwa wagtynyň häzirki güne çenli saklanyp galmagy, ýöremegi bu ýerde ýurduň demirýolunyň iň uly lokomotiw deposynyň ýerleşýändigi bilen baglanyşyklydyr.

Belli bolşy ýaly, Russiýa federasiýasynyň prezidenti Dmitriý Medwedew şu ýyldan başlap, gyş wagtyna geçmegi bes etmek barada karar kabul etdi. Şeýlelikde, sowet döwründe ýerli wagt Moskwanyňkydan iki sagat öňde bolan bolsa, indi aratapawut bir sagat.

Her niçik-de bolsa, Moskwa wagty Türkmenistanda ulanyşdan doly galmaýan ýaly...

Aşyrguly Baýryýew Aşgabatda ýaşaýan şahyr we garaşsyz žurnalist, halkara Deýwid Börk baýragynyň eýesi.
XS
SM
MD
LG