Sepleriň elýeterliligi

Hökümet agzalary Nyýazowyň mowzoleýine zyýarat etdiler


21-nji dekabr Türkmenistanyň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykan günüdir. Şol gün birinji prezidentiň Gypjakdaky jaýlanan ýerine, mowzoleýine Türkmenistanyň prezidenti, hökümet agzalary, Mejlisiň deputalary, harby hem kanun goraýjy organlaryň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň, Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýaşululary, welaýatlardan gelen ýaşulular bardylar, doga-töwir ýetdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde eden çykyşynda birinji prezidentiň “Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň düýbüni tutujydygyny, milli ykdysadyetiň dürli pudaklaryny öslürmek boýunça giň möçberli işleriň onuň ýolbaşçylygynda amala aşyrylandygyny belledi” diýip, TDH gullugy habar berýär.
XS
SM
MD
LG