Sepleriň elýeterliligi

Siriýa Arap döwletleri ligasynyň wekilleri gelmeli


Şu gün Siriýa Arap döwletleri ligasynyň wekilleri gelmeli. Bu ýurtda gandöküşligi ýatyrmak planyna laýyklykda, olar Arap döwletleri ligasynyň synçylaryny Siriýada ýerleşdirmäge taýýarlyk görmeli.

Arap synçylary bu ýurda şu wagta çenli çaknyşyklarda deňi-taýy bolmadyk pidalaryň yz ýany gelýär.

Siriýanyň oppozisiýasynyň milli Geňeşi soňky iki günde bolan çaknyşyklarda 200 töweregi adamyň ölendigini tassyklaýar.

Adam hukuklaryny goraýjylar diňe hepdänin ikinji güni parahat ýaşaýjylardan hem oppozisiýa wekillerinden 100-den gowrak adamyň öldürilendigini aýdýarlar.

Günbatar döwletleri ýene-de bir gezek Siriýa häkimiýetlerini ýazgaryp, Başar al-Assady häkimiýetden çekilmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG