Sepleriň elýeterliligi

Yragyň premýeri öňki wise-prezidenti derňewe tabşyrmaga çagyrdy


Yragyň premýer-ministri Nury al-Maliki ýurduň demirgazygyndaky kürt awtonom regionynyň ýolbaşçylaryny wise-prezident Tarik al-Haşemini derňewe tabşyrmaga çagyrdy.

Duşenbe güni Yragyň häkimiýetleri ýurduň sünni jemgyýetinden iň ýokary wezipeli lider Al-Haşemini tussag ýetmäge rugsat berdi. Oňa birnäçe ýokary derejeli çinownigi öldürmegi gurnamakda şübhe bildirilýär. Al-Haşemi bu aýyplamany ret edýär.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden hepdäniň sişenbe güni Yragyň hökümetiniň başlygy, şaýy mezhebinden bolan Al-Maliki bilen gürrüňinde Yragyň liderlerini iki dini mezhebiň arasynda täze garşy durmalara ýol bermezlige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG