Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak häkimiýetleri wideoýazgyny dykgat bilen öwrenýär


Gazagystanyň häkimiýetleri internetde ýerleşdirilen wideoýazgyny dykgat bilen öwrenýärler. Şol ýazgyda tassyklanyşyna görä, polisiýa Žanaözen şäherinde ýaragsyz demonstrasiýaçylary oka tutupdyr.

Bu barasynda Gazagystanyň ABŞ-daky ilçisi Ýerlan Idrisow Waşingtonda bolan metbugat-konferensiýada Azatlyk Radiosyna aýtdy. Eger ýazgynyň hakykylygy anyklansa, derňewiň netijeleri boýunça günäkärleri jezalandyrmak boýunça çäre görüljekdigini ilçi belledi. Ol wideoýazgyny “haýran galdyryjy” diýip atlandyrdy.

Resmi Astana geçen hepdede Žanaözendäki bidüzgünçilikler basylyp ýatyrylanda, polisiýa ýarag ulansa-da, kanun esasynda hereket edendigini öňküleri ýaly tassyklaýar.

Soňky resmi maglumata görä, bidüzgünçiliklerde 14 adam ölüp, 99 adam ýaralanypdyr. Adam hukuklaryny goraýjylar pidalaryň sanynyň resmi maglumatda görkezilýänden ep-esli köpdügini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG