Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ Eýrana garşy halkara tagallary güýçlendirmäge çagyrdy


ABŞ-nyň BMG-däki hemişelik wekili Sýuzan Raýs çarşenbe güni Nýu-Ýorkda eden çykyşynda “Eýranyň ýadro programmasy diňe parahatçylykly maksatlara gönükdirilen däl diýip, noýabr aýynda Halkara atom energiýasy gullugynyň çap eden hasabaty ikirjiňlenmäge ýer goýmaýar” diýdi.

Raýs BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşini Eýran bilen bagly kabul edilen sanksiýalaryň ýerine ýetirilişi boýunça tagallalary iki esse güýçlendirmäge çagyrdy.

Raýs Tähranyň halkara borçlaryny ýerine ýetirmekden gaça durmagyny dowam etdirmegine hem alada bildirdi.
XS
SM
MD
LG