Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stiw Swerdlow: “Bu ýurtlar diňe durnuklylyk bozulýança durnukly”


Swerdlow: "Biziň Özbegistanyň mysalyndan bilşimize görä bolsa, adam gynamak struktura, gurluş fenomeni bolup durýar".
Swerdlow: "Biziň Özbegistanyň mysalyndan bilşimize görä bolsa, adam gynamak struktura, gurluş fenomeni bolup durýar".
“Hýuman raýts wotç” (HRW) Özbegistanda tussaglaryň gynalýandygyny, aklawçylaryň bolsa dymdyrylýandygyny aýdýar. Adam hukuklaryny goraýan guramanyň 104 sahypalyk täze hasabaty ýurtda giň ýaýran hukuk bozmalaryň göni şaýatlary bilen edilen 100-den gowrak interwýu esasynda taýýarlanypdyr.

Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban “Hýuman Raýts Wotçuň” Merkezi Aziýa we Ýewropa bölüminiň eksperti Stiw Swerdlow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: HRW-niň täze hasabaty bilen baglylykda özüňiziň Özbegistandaky tapyndylaryňyz barada Azatlyk Radiosynyň diňleýjilerine anygrak gürrüň berip bilmezmisňiz? Bu ýurtda adamlaryň gynalmagy näderejede çynlakaý we bu ýagdaýy adamlar nähili kabul edýär?

“Hýuman Raýts Wotç” guramasynyň Merkezi Aziýa we Ýewropa bölüminiň eksperti Stiw Swerdlow
“Hýuman Raýts Wotç” guramasynyň Merkezi Aziýa we Ýewropa bölüminiň eksperti Stiw Swerdlow
Stiw Swerdlow: Bilýäňizmi näme, meniň Özbegistanda öwrenen iň bir täsin zatlarymyň biri şu boldy: adamlar hatda şeýle agyr, şeýle repressiýa ýagdaýynda hem, hökümetiň adam gynamalary we beýleki hukuk bozmalar barada gürrüň eden adamlary berk jezalandyrýan wagtynda hem gürlemek isleýärler, öz başdan geçirenlerini aýtmak isleýärler. Sebäbi olaryň adalat üçin söweşmekleri üçin öz başdan geçirenlerini aýtmaklary gerek. Bilşimiz ýaly, adalat adamy mertebeli, deňli-derejeli edýär. Mertebe bolsa adam hukuklarynyň esasy bolup durýar. Gynag bolsa, adam mertebesiniň bolup biljek iň bir erbet depelenmesidir.

Men Özbegistanda adamlaryň gelip, özüm bilen duşuşmaga hem-de başdan geçirenlerini gürrüň bermäge ýürek edişlerine haýran galdym. Ol ýerde sany az, ýöne örän işjeň hukuk goraýjy topar bar. Olar aklawçylardan, garaşsyz žurnalistlerden ybarat bolup, pidalar bilen duşuşyp, adamlaryň gynalyşyny dokumentleşdirýärler. Şolaryň kömegi bilen hem men tussagda gynaga sezewar bolýan adamlaryň bir toparynyň garyndaşy bilen duşuşdym.

Azatlyk Radiosy: Bagyşlaň, sözüňizi böleýin, ol gynalýan tussaglar nähili tussag, olara näme üçin şeýle sütem edilýär?

Stiw Swerdlow: Ol adamlaryň käsi syýasy tussag, onsoň olar öz syýasy ynançlary üçin gynalýarlar, ýa-da bolmasa, olar döwlet tarapyndan ekstremist hasaplanýan toparlar bilen bardyr öýdülýän gatnaşyklary üçin gynalýarlar. Biziň bilşimiz ýaly, Özbegistanda, hatda Türkmenistanda hem kimiň ekstremist bolýandygy baradaky kesgitleme örän giň. Meniň beýleki duşuşan adamlarym bolsa, talaňçylyk, ogurlyk diýen ýaly adaty jenaýatlar esasynda tussag edilen adamlaryň garyndaşlary. Olar Özbegistanda kada öwrülen ýagdaýy jikme-jik suratlandyryp berýärler. Aýdaly, polisiýa ofiseri kimdir birini tutýar we gynag ulanyp, ony ýöňkelýän günäni boýun almaga mejbur edýär. Adam gynama olara derrew günäniň boýun alynmagyny gazanmaga kömek edýär we köplenç güman edilýäniň has kän günäni, goşmaça jenaýatlary hem boýun almagy üçin hem gural bolup hyzmat edýär. Eger güman edilýän bigünä bolsa, gynag olary öz etmedik jenaýatlaryny boýun almaga mejbur edýär. Onsoň bu ýurtda adam gynama örän giň ýaýran, kada öwrülen zat bolup durýar.

HRW bu ugurdaky barlaglary birnäçe ýylyň dowamynda geçirdi, meniň özüm Özbegistanda geçen ýyl, birnäçe aýlap bolup, ýanýoldaşy tussag edilen aýallar, ogullary tussag edilen eneler, hatda tussaglaryň gyzlary bilen duşuşdym. Men hatda polisiýa stansiýalarynda zorlamagyň hem ulanylýandygyny eşitdim. Ýöne, elbetde, HRW Özbegistanyň hemme ýerine baryp bilenok we biz üç aýyň dowamynda 100-den gowrak interwiýu geçirdik. Emma biz bu ýurtdaky adam gynama meselesini köp ýyl bäri öwrenip gelýäris.

Biziň barlaglarymyz Özbegistanda adam gynymagyň azalmaýandygyny, tersine, köpelýändigini görkezýär. Bu ýagdaý gaty erbetligine galýar. Ýöne ol ýerde adam mertebesi üçin göreş hem dowam edýär we bu hereket Özbegistanda gaýduwsyz aktiwistler näçe saklanyp galsa, şonça-da dowam eder.

Azatlyk Radiosy: Siziň täze hasabatyňyzda Özbegistanda aklawçylaryň dymdyrylýandygy aýdylýar. Bu pikiri käbir ýerli synçylar hem tassyklaýarlar, has anygy olar özbek hem türkmen režimleriniň islendik başgaça pikiri susdurmakda örän üstünlikli bolandygyny aýdýarlar. Siziňçe, bu üstünligiň sebäbi näme bolup biler?

Stiw Swerdlow: Türkmenistan we Özbegistan öz hökümetleriniň repressiwligi meselesinde dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende köp babatda tapawutlanan ýurtlar. Ozalky sowet ýurtlarynyň arasynda başga-da adam hukuklaryny bozýan respublikalar bar, ýöne Türkmenistan we Özbegistan adam hukuklaryny bozmakda aýratyn bir kategoriýada, “ýamanyň ýamany” diýen derejede durýar.

Biziň Özbegistanyň mysalyndan bilşimize görä bolsa, adam gynamak struktura, gurluş fenomeni bolup durýar. Bu ýurtda adam gynamak jenaýat agtaryş, adalat sistemasyna örän berk ornaşan. Onsoň bu ýerde hökümetiň öz tankytçylaryny ýuwaşatmakda şeýle üstünlikli bolup bilmegine kömek eden usullaryň biriniň adam gynamak, şeýle-de güýç ulanmak bilen baglydygyny aýdyp bolarmyka diýýärin. Mysal üçin, hökümet Andijanda ýüzlerçe graždan ilaty, köpüsi ýaragsyz adamlardan bolan protestçileri oka tutmakda aşa artyk harby güýji ulanmaga hem ýaýdanmady. Onsoň şu hili zorluk taktikasy ilatyň arasynda gorky, dowul ýaýratdy.

Azatlyk Radiosy: Eýsem bu taktika Türkmenistanda hem ulanyldymy?

Stiw Swerdlow: Meniň pikirimçe, bu taktika, Özbegistan bilen deňeşdirilende has az ilatly Türkmenistanda hem ulanyldy, ýagny raýat jemgyýeti, azat metbugat diýen zatlar uzak wagtyň dowamynda basylyp ýatyryldy. Eger Özbegistana dolanyp gelsek, Andijan gyrgynyndan soň Özbegistanda ýagdaý has ýaramazlaşdy we ol has ýapyk ýurda öwrüldi. Ýöne bu ýagdaý diňe zorluk bilen däl, gözegçiligiň güýçlüligi, howpsuzlyk organlarynyň täsirliligi bilen hem bagly bolsa gerek.

Özbegistanda barlag geçiren döwrümde maňa jemgyýetiň agzalarynyň örän saldamly bir böleginiň nähilem bolsa bir ýagdaýda howpsuzlyk organlary bilen ilteşiklidigini aýtdylar. Aýdyşlaryna görä, ol ýerde her bäş maşgaladan biriniň ekleýjisi polisiýada ýa goşunda, milli howpsuzlyk gullugynda ýa prokuraturada, ýa-da beýleki bir guramada işleýär. Onsoň, Türkmenistanda we Özbegistanda döwletde howpsuzlyk guramalarynyň täsirliligini güýçlendirmek üçin bol maýa ýatyryldy. Mundanam başga ol ýerde sowet däpleriniň çuňlaşdyrylmagy dowam edýär. Aýdaly, Gyrgyzystan ýa Ukraina ýaly respublikalar sowet däplerini sökýän, aýyrýan bolsalar, Türkmenistan we Özbegistan ýaly sowet tendensiýalaryny çuňlaşdyrmak we ilata kontrollugy güýçlendirmek üçin köp emel we tehnologiýa ulanýarlar.

Azatlyk Radiosy: Siz “Arap ýazy” ýa-da Orsýetde golaýda bolan protestler bu iki ýurduň dolandyryjy elitasynyň pikir-düşünjesine nähilidir bir täsir ýetirip biler öýdýärsiňizmi?

Stiw Swerdlow: Meniň pikirimçe, şu ýyl rewolýusiýalara gaplanan jemgyýetlerde, aýdaly Liwiýada halkyň gozgalaňa galjagyny, Siriýada bolýan protestleri we zorluklary hiç kim öňünden çaklap bilmedi. Bu şeýle režimler gorky bilen dolandyrýan wagty, hiç hili hasap bermek ýok ýagdaýynda we giň ýaýran hukuk bozmalar dowam edýärkä durnukly görünýän hem bolsa, çuň ornan nägilelikleriň rewolýusiýa getirmeginiň diňe wagt meselesidigini görkezýär.

Meniň pikirimçe, “Arap ýazy” pesinden Özbegistandaky we Türkmenistandaky ýolbaşçylyga biraz täsir ýetirdi. Mysal üçin, biz Özbegistanda medianyň daşarda bolýan belli zatlary görmezlige salanyny gördük. Onsoň, elbetde, Orsýetde bolýan zatlar, ol ýerdäki migrantlary nazar alsak, Türkmenistana we Özbegistana uly täsir ýetirýär, hökümetler bu bolýan zatlara örän ynjalyksyz seredýärler. Dogry, men media ýapyklygy ýerli ilatyň daşarda bolýan zatlar barada maglumat almagyny gaty kynlaşdyrýar diýip pikir edýärin. Ýöne maglumat haýalam bolsa içeri girýär.

Men özbek jemgyýetinde özgerişligiň geljegi boýun alynýarmyka diýip pikir edýärin. Geçen ýyl men Özbegistanda protest ýygnanyşyklaryny geçirmek planlary barada käbir habarlary eşitdim, ol ýygnanyşyklaryň köpüsi bolmady, ýöne şeýle pikirleriň ara alnyp maslahatlaşylany welin çyn. Bu Özbegistanda özgerişligiň beýle gaty daşda däldigini görkezýän alamatmyka diýýärin.

Ýöne Türkmenistan barada öňünden bir zat aýtmak Özbegistana garanda has kyn, sebäbi bu has ýapyk ýurt. Meniňçe, bu zatlar bize taryhyň öwredýän esasy sapaklarynyň birini ýatladýar: režimleriň hiç biri baky däl. Onsoň bu ýerde bir zady aýdyp bolarmyka diýýärin, bu ýurtlar diňe bir gün durnuklylyk bozulýança durnukly.

Azatlyk Radiosy: Soňky döwür, has anygy “Arap ýazyndan” soň türkmen ýaşlarynyň hem özara gürrüňde Müsür, Tunis režimleriniň günbatar syýasatçylary tarapyndan goldanyp gelnendigi barada tankydy pikirleri aýdýanyny eşidýäris. Siziňçe, “Arap ýazy” günbatar syýasatçylarynyň bu ýalňyşynyň Orta Aziýada gaýtalanmagynyň öňüni alyp ýa-da bu ýagdaýa nähilem bolsa bir oňyn täsir ýetirip bilermi?

Stiw Swerdlow: Gynansagam, bizem hem şeýle bolar öýdüp umyt edipdik. HRW Birleşen Ştatlaryň hökümeti we Ýewropa hökümetleri Orta Gündogarda we Demirgazyk Afrikada ýol beren ýalňyşlyklaryny Merkezi Aziýada gaýtalamaly däl diýen pikiri öňe sürýär. Emma häzirki görünýän alamatlaryň ählisi muňa garşy gelýär. Alamatlaryň ählisi Birleşen Ştatlaryň hiç bir tolkun döretmän, adam hukuklary ýagdaýyny gaty berk tankytlaman, ähli mümkin zady synap, Owganystandaky uruşda hyzmatdaşlyk etmekleri üçin, Berdimuhamedow we Kerimow bilen gatnaşyklary sazlamaga yhlas edýändiklerini görkezýär. Gynançly ýeri, Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýa babatdaky syýasaty Orta Gündogar we Demirgazyk Afrika baradaky syýasatyndan has yzda görünýär. Onsoň bu ýalňyşlyklar şu wagta çenli-hä özüni gaýtalajak ýaly görünýär.
XS
SM
MD
LG