Sepleriň elýeterliligi

Režim, prezident we dalaşgärler: kime näme garaşýar?


2007-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda Gurbanguly Berdimuhamedowa bäş dalaşgär bäsdeş bolupdy.

2007-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda Gurbanguly Berdimuhamedowa bäş dalaşgär bäsdeş bolupdy.

*Düzediş girizilen.

Ýakynda Türkmenistanda 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgärleri hödürlemek başlandy. Häzire çenli bu saýlawlarda sekiz dalaşgäriň bäsleşjekdigi habar berilýär. Şol bir wagtyň özünde, öňki sowet giňişligindäki ýurtlarda bolşy ýaly, bu prezidentlik saýlawlarynda häzirki prezidente bäsdeş boljaklaryň soňky ykbaly köpleri alada goýýar.

2007-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda Gurbanguly Berdimuhamedowa bäş dalaşgär bäsdeş bolupdy. Olar öňki nebit-gaz senagaty we mineral serişdeler ministriniň orunbasary Işanguly Nuryýew, Türkmenbaşy, öňki Krasnowodsk şäheriniň häkimi Aşyrnyýaz Pomanow, Daşoguz welaýatynyň öňki häkiminiň orunbasary Amanýaz Atajykow, Abadan, öňki Büzmeýin şäheriniň häkimi Orazmyrat Garajaýew, Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň öňki häkimi Muhammetnazar Gurbanow.

Türkmenistanyň Ýazyjylar fondunyň öňki başlygy, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, saýlawlardan soňra olaryň dördüsi wezipesinden boşadylypdyr.

—Olaryň işden boşadylmagynyň sebäpleri barada metbugatda we beýleki habar serişdelerinde hiç hili maglumat berilmedi. Ýöne permanlar we prezidentiň kararlary çap edildi—diýip, Bugaýew aýdýar.

Emma, düýbi Wenada ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň ýazmagyna görä, 2007-nji ýyldaky saýlawlarda resmi taýdan 3 prosent çemesi ses alandygy aýdylan Işanguly Nuryýew saýlawlardan bir aý soňra, uzak möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edilipdir. Emma bu maglumaty tassyklatmak başartmady. Nuryýew “Altyn Asyr” ordeniniň 3-nji derejesiniň, “Gaýrat” we “Watana bolan söýgüsi üçin” medallarynyň eýesidi.

Işanguly Nuryýewiň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäher polisiýa departamentine işleýän ogly hem atasy türmä basylandan soňra, wezipesinden boşadyldy diýip, “Türkmen inisiatiwasy” ýazýar. Bu guramanyň beren ýene-de bir maglumatyna görä, saýlawlarda 1,31 prosent ses alan Aşyrnyýaz Pomanow 2009-njy ýylyň aprelinde “işde goýberen kemçilikleri” üçin wezipesinden boşadylypdyr.

Bugaýewiň aýtmagyna görä, 2007-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda Gurbanguly Berdimuhamedowa basdeş bolanlardan diňe Daşoguzyň öňki häkiminiň birinji orunbasary Amanýaz Atajykow “hormatly dynç alşa” çenli öz wezipesinde işläpdir. Berdimuhamedowa bäsdeş bolan Abadan şäheriniň öňki häkimi Orazmyrat Garajaýewiň we Garabekewül etrabynyň öňki häkimi Muhammetnazar Gurbanowyň hem işden boşadylandygy aýdylýar.

Postsowet giňişligindäki tejribe

Synçylaryň pikiriçe, postsowet giňişligindäki, şol sanda Merkezi Aziýadaky käbir döwletlerde prezidentlik saýlawlarynda ýurdy dolandyrýan lidere bäsdeş bolanlaryň aglabasynyň syýasy karýerasy tamamlanýar. Netijede olaryň köpüsi ýurdy terk etmäge mejbur bolýarlar.

Özbegistanyň “Erk” oppozision partiýasynyň we “Özbegistanyň halk hereketiniň” başlygy, häzir daşary ýurtda ýaşaýan Muhammet Salih 1992-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda Yslam Karimowa bäsdeş bolan ýeke-täk dalaşgärdi. Onuň Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, ol Merkezi Aziýada şeýle ýagdaýlaryň dowam etmeginiň sebäbini regiondaky liderleriň kommunistik düşünjelere gol ýapýanlygynda görýär:

—Olar sowet döwründe ýetişenler, terbiýe alanlar we sowet dolandyryşyny kabul edenler. Netijede olar bu galypdan çykyp bilmeýärler. Bularyň alyp barýan syýasaty hem awtoritar, totalitar. Şonuň üçin-de, syýasatçylaryň sowatly, öz halkynyň aladasyny edýän nesli, watançy adamlar häkimiýet başyna gelmeseler, regionda ýagdaýlar üýtgemez.

Täjigistanyň prezidenti Imamoli Rahmona 1994-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlarynda bäsdeş bolan öňki premeýr-ministr Abdulmalik Abdullajonow, Rahmona 1999-njy ýyldaky saýlawlarda bäsdeş bolan, telekeçi Saýfuddin Töräýew dagylar daşary ýurtlara gitmäge mejbur boldular. 2010-njy ýylda Belarusda geçen prezident saýlawlarynda Aleksandr Lukaşenko bäsdeş bolan esasy dalaşgärleriň biri Andreý Sannikow saýlawlardan soň 5 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Emma käbir bilermenler Türkmenistan ýaly 20 ýyldan gowrak wagtlap daşky dünýäden üzňelikde galan ýurtda alternatiw saýlawlaryň geçirilmeginiň öňe tarap bir ädimdigine ynanýarlar. Olaryň pikiri bilen Bugaýew hem ylalaşýar:

—Umuman, men muny gowulyga ýorasym gelýär. Meselem, bir duran ýeriňde irkilip durandan, haýalam bolsa, “pyşdyl ýörişem” bolsa, öňe tarap ädim ädilse gowy. Bu şeýle ädimiň başlangyjy. Dogrudanam, halk 20 ýyldan gowrak wagtlap, hakyky saýlawlary, prezident saýlawlary ýadyndan çykardy. Şol döwürde referendum ýa-da “halk maslahaty” diýilýän guramanyň kararlary kanun hökmünde kabul edildi.

Ýazyjy Bugaýew täze ýyldaky prezident saýlawlary barada metbugatda hem öňegidişligiň bardygyny we olaryň dalaşgärleriň hukuklary barada maglumat berýändigini sözüne goşýar. Emma synçylar Türkmenistan ýaly daşky dünýä üçin ýapyk ýurtlarda hakyky alternatiw saýlawlaryň geçirilmegi üçin jemgyýetiň we oppozisiýanyň has aktiw bolmalydygyna ynanýarlar.

2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanda geçiriljek prezident saýlawlaryna häzire çenli sekiz dalaşgär resmi hasaba alyndy. “Türkmenistanyň Prezidentlik saýlawlar baradaky kanunyna” görä, dalaşgärleriň resmi hasaba alnyşy saýlawlaryň geçjek gününe 25 gün galanda tamamlanýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG