Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow bank ýolbaşçylaryny çalşyrdy


Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow permana gol çekip, birnäçe kadrlar çalşyrylyşygyny amala aşyrdy.

Hususan-da, prezidentiň permany bilen “Garagum” halkara aksionerler bankynyň dolandyryş edarasynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Şamuhammet Durdyýew bu wezipeden boşadylyp, onuň ýerine Parahat Çaryýargulyýew bellendi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet kommersiýa bankynyň prawleniýesiniň başlygynyň orunbasary Begli Işangulyýew işinde goýberen kemçilikleri üçin bu wezipeden boşadylyp, onuň ornuna Polat Allagulyýew bellendi.

Mundan daşary, düýn prezidentiň permany bilen Oguljahan Hudaýberenowa Mary welaýat häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy saklaýyş we sport boýunça orunbasary wezipesi ynanyldy.
XS
SM
MD
LG