Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“KazMunaýGaz” kompaniýasynyň başlygy wezipesinden boşadyldy


Şu gün Gazagystanyň mediasy ýurduň “KazMunaýGaz” energiýa kompaniýasynyň başlygy Bolat Akçulakowyň wezipesinden boşadylandygyny habar berdi. Bolat Akçulakow bu wezipä şu ýylyň oktýabr aýynda bellenipdi.

Maglumata görä, onuň ornuna şu gün Gazagystanyň nebit we gaz ministriniň orunbasary Lýazzat Kinow bellenipdir. Bu kadr çalşyrylyşygy prezident Nursoltan Nazarbaýewiň bu regiona sapar edýän wagtyna gabat geldi.

“KazMunaýGaz” kompaniýasynyň nebitçileri şu ýylyň maý aýyndan bäri öz aýlyk haklarynyň ýokarlandyrylmagyny we profsoýuz guramalarynyň hukugynyň artdyrylmagyny talap edip, iş taşlaýyş çäresini dowam etdirip gelýärler.

Ýakynda şu regiondaky nebitçiler şäheri bolan Žanaozende polisiýa güýçleriniň ýarag ulanmaklary netijesinde 15 adam ölüp, 100 töweregi adam ýaralandy. Şu gün Gazagystanyň baş prokurory bu bolan waka boýunça derňew işlerine Birleşen Milletler Guramasyndan wekilleriň-de çagyrylandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG