Sepleriň elýeterliligi

Medwedew parlamentiň wekilleriniň öňünde çykyş etdi


Şu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew parlamentiň iki palatasynyň-da wekilleriniň öňünde ýyllyk ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Özüniň bu ýüzlenmesinde ol Orsýetiň syýasy sistemasynda düýpli reformalary girizmek barada käbir taslamalary-da öňe sürdi.

Syýasy reformalar baradaky onuň bu teklipleri Orsýetde 4-nji dekabrda geçirilen parlament saýlawlary bilen baglanyşykly protest çykyşlarynyň giň gerim alan günlerine gabat geldi.

Prezident Medwedewiň teklipleriniň hatarynda regionlaryň gubernatorlaryny ýerli saýlawlar arkaly saýlamak, syýasy partiýalary hem-de prezidentlik saýlawlaryna kandidatlary hasaba almak prosesini ýeňilleşdirmek ýaly teklipler-de bar.
XS
SM
MD
LG