Sepleriň elýeterliligi

Bagdatdaky partlamalarda azyndan 57 adam öldi


Şu gün Yragyň paýtagty Bagdadyň çäklerinde 10-dan gowrak partlama amala aşyryldy. Yragyň saglyk ministri Ziýad Tarik edil häzirki wagt bu partlamalarda ölenleriň sanynyň azyndan 57-ä ýetendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, ýaralananlaryň sany 170-den gowrak.

Bu partlamalaryň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.

Soňky günler Yragyň Içeri işler ministrliginiň sünnüleriň “Irakiýa” partiýasynyň liderlerinden biri, wise-prezident Tarek al-Haşemini terror işlerine dahyllylykda aýyplamagy bilen baglanyşykly şaýy we sünni syýasy toparlarynyň arasyndaky oňşuksyzlyklar has-da ýitileşdi.
XS
SM
MD
LG