Sepleriň elýeterliligi

NATO Pakistanda bolan waka boýunça derňewlerini tamamlady


Şu gün NATO-nyň resmileri 26-njy noýabrda Pakistanyň serhet ýakasynda 24 esgeriň ölümine getiren waka boýunça öz derňewlerini tamamlandyklaryny mälim etdiler.

Derňewleriň netijesi barada NATO-nyň ýaýradan maglumatynda Pakistanyň 24 esgeriniň ölümine getiren hüjümde Owganystandaky koalision güýçleriň-de, Pakistanyň öz harbylarynyň-da günäsiniň bardygy öňe sürülýär.

Onda, hususan-da, serhet ýakasynda “näbelli güýçler” tarapyndan amala aşyrylan ok atmaklaryň NATO-nyň we Owganystanyň güýçleriniň öz “şahsy goraglary üçin kanuny gaýtawul bermeklerine” getirendigi aýdylýar.

26-njy noýabrda ýüze çykan bu wakadan soň, Pakistan bilen Birleşen Ştatlaryň gatnaşyklary has-da dartgynlaşdy.
XS
SM
MD
LG