Sepleriň elýeterliligi

Dilini ýuwudan dilçiler…


Welsapar: "Döwlet senzurasy ene dilimiziň gündelik roluny ýaranjaňlyga çenli aşak düşürdi".

Welsapar: "Döwlet senzurasy ene dilimiziň gündelik roluny ýaranjaňlyga çenli aşak düşürdi".

Garaşsyzlyk döwründe türkmen diliniň başyndan agyr günler indi. Sebäbi diliň ýagdaýy hemişe şol dilde gepleýän halkyň, adamlaryň ýagdaýy bilen berk baglanyşykly bolýar.

SSSR imperiýasy ýykylyp, täze döwre gadam basylanda, ýurtda dörän syýasy, ykdysady, sosial we medeni problemalar haýal etmän ene dilimize öz täsirini ýetirip ugrady. Azatlyga çykylansoň, Türkmenistanda demokratik döwlet gurluşy, hukuk döwleti ýeňer diýen arzuwlar puç bolup, başistik režim kök uransoň, türkmen diliniň ýagdaýy has hem agyrlaşdy.

Belki, Magtymgulynyň döwründe-de, Gaýgysyz Atabaýyň döwründe-de türkmen diliniň ýagdaýy şu günküden ýeňil bolan däldir. Ýöne häzirem öwnerlik zat ýok. Sebäbi, birinjiden-ä, garaşsyzlyk döwründe elipbiý çalyşdy, ikinjidenem, diliň erkin ösüşine hiç hili ýol ýok. Ýurtda ne erkin metbugat bar, ne-de erkin radio ýa telewideniýe, hemme zat diktatura, az sanly adamlaryň jübi bähbidine tabyn edildi. Döwlet senzurasy ene dilimiziň gündelik roluny ýaranjaňlyga çenli aşak düşürdi. Erkinlikden, azatlykdan, döredijilikli ösüşden bütinleý kesilen dil bu gün edil demir gözenekdäki guşa meňzeýär…

Üstesine-de, öz ýurdundaky döwlet düzgünlerinden göwni geçen ýaşlaryň Orsýetde okaýanlary orslaşyp, Türkiýede okaýanlary türkleşip gidip otyrlar. Haýsy ýurda barsalaram, ýurtdan hatda okuw diýip çykanlaryňam asyl yzyna dönesi gelenok. Sebäbi erkinlige öwrenişensoň, hiç kesiň kanunlaryň, adam hukuklarynyň äsgerilmeýän ýurduna, korrupsiýanyň we ýaranjaňlygyň hasabyna ýaşaýan döwlete gaýdyp barasy gelenok. Munuň üçin ýaşlary nädip günäkärlejek?!

Ylymly-bilimli adamlaryň öz watanyndan daşlaşyp gitmegi dil üçinem, millet üçinem, ýurt üçinem örän uly ýitgi! Ylymly-bilimli ýaşlaryň öz ene dilinden üzňeleşmegi diliň bu gün ösüşini bökdese, geljegine uly howp salýar. Ýogsa, türkmen diliniň häzir tüýs ösmeli, kämilleşmeli döwri. Täze taryhy döwürde ilkinji gezek bir döwlete birigen türkmenleriň ene dilinde öz pikirlerini, garaýyşlaryny, ähli pelsepelerini erkinden-erkin beýan etmeli, öz dillerine guwanmaly döwri. Arman, arzuw başga, durmuş başga…

Biziň günlerimizde türkmen diliniň öňünde duran möhüm meseleleriň biri-de – diliň täze taryhy döwre uýgunlaşmagydyr. Häzir diliň leksikasyna we, umuman, tutuşlygyna grammatikasyna täzeden döredijilikli ser salmaly wagt geldi. Çünki SSSR ýykylansoň, döwür üýtgäp, döwran çalyşdy. Netijede ene dilimizdäki ençeme sözler, düşünjeler könelişip, arhaiki sözleriň hataryna geçdi. Oňa derek dilde onlarça, hatda ýüzlerçe täze düşünjeler, sözler, terminler peýda boldy. Ol sözleri, söz düzümlerini, atlary nähili we haýsy grammatiki düzgünlere esaslanyp ýazmaly, okamaly, aýtmaly?

Bu ugurda sorag kän, ýöne olara jogap tapmak kyn. Dogrusy, ol soraglara Türkmenistanyň dilçi alymlary jogap bermeli. Dildäki her bir täzelige şolar ilki bolup gijikdirmän seslenmeli. Emma, gynansak-da, Türkmenistanda ýaşaýan we işleýän dilçi alymlarymyz bu möhüm soraglara ylmy esasda jogap bermekden mahrum edildiler. Biziň dilçilerimize dilini ýuwutdyrdylar…

Garaşsyzlyk döwründe, gynansak-da, dilçi alymlaryň zehini, döredijiligi ters ugra gönükdirildi. Çünki Türkmenistanda häzir ene dilimizde uzak ýyllaryň dowamynda ornaşan “plan”, “programma” diýen ýaly bütin halka düşnükli internasional sözleriň, terminleriň garşysyna göreş gidýär. Sowet döwründe giňişleýin ulanylan halkara terminlerdir sözler tagaşyksyz arap-pars sözleri bilen çalşyrylýar. Bu syýasat bolsa türkmen dilini ösdürmekden geçen, gaýta yza tesdirýär. Ony ulanmagy kynlaşdyrýar.

Türkmenistanyň daşynda ýaşaýan žurnalistleriň, edebiýatçylaryň, syýasy we jemgyýetçilik işgärleriniň ýagdaýy-da, ýurduň içindäkileriňkiden aňsat däl bolsa gerek. Sebäbi häzir türkmen diňleýjilerine we okyjylaryna düşnükli dilde ýazmak, gürlemek aňsat iş däl. Türkmen dilinde okaýan, ýazýan adamlaryň sowatlylyk derejesiniň köpçülikleýin pese gaçmagy, ýaş nesliň syýasylaşdyrylmadyk hakyky ylym- bilimden kesilmegi, dilden çörek iýýänleriň öz ene diline sowuk-sala garamagy netijesinde emele gelen ýagdaý diliň ýaşaýşyny has hem çylşyrymlaşdyrýar.

Meniň pikirimçe, her halda bu meselede iň gorkulysy – baş-başdaklykdyr. Ýagny, eger-de sözleri we adalgalary her kes öz kellesine gelşiçe ýazyp başlasa, onda biziň dil ugrundan öňe gitmekden geçen, gaýta yza gaýtdygymyz bolar. Sebäbi, bu ýoldan gidilse, sözleriň, geografiki atlaryň, adalgalaryň, terminleriň, abbrewiaturalaryň her biriniň birnäçe dürli ýazylyşy emele geler. Netijede biz ymtylýan gowy maksadymyza ýakynlaşman, gaýta ondan gitdigiçe daşlaşarys.

Şol sebäpdenem men türkmen dili bilen iş salyşýan adamlaryň, şol sanda ylymly-bilimli türkmen ýaşlarynyň, okuwçylaryň, studentleriň bu kyn döwürde türkmen diliniň ylmy esasda işlenilip düzülen we abraýly lingwistik gurultaýlarda dilçi alymlarymyz tarapyndan makullanan grammatiki düzgünlerini gorap saklamalydygyna we öz gündelik işlerinde türkmen diliniň ykrar edilen grammatiki düzgünlerine eýermelidigine berk ynanýaryn.

Dil ugrundan dilçi alymlarymyzyň, edebiýatçylarymyzyň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň, intelligensiýa wekilleriniň ençeme nesliniň döredijilikli hem janypkeş zähmeti esasynda ýetilen derejäni gorap saklasak, onda biziň geljekde türkmen dilini döwre görä kämilleşdirip, ösdürip, geljek nesillerimize miras goýup biljekdigimize hiç hili şübhe bolup bilmez.

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy, dilçi. Blogda beýan edilen pikirler we garaýyşlar awtoryň özünde degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG