Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedowyň Moskwa iş sapary başlandy


Anna güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Moskwa iş sapary başlandy.

Moskwada ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşygyň gün tertibinde döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, şeýle-de taraplary gyzyklandyrýan regional we halkara syýasatynyň aktual meseleleri durar diýip, TDH habar berýär.

22-nji dekabrda geçiren hökümet maslahatynda Berdimuhamedow Orsýet bilen dostlukly hem konstruktiw gepleşiklere Türkmenistan wepaly bolmagynda galýar diýip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik ähmiýetini belledi.

Moskwa saparyny Türkmenistanyň prezidenti “esasy ugurlar boýunça türkmen-ors gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we aktiwleşdirmek ýolunda nobatdaky möhüm ädim” diýip atlandyrdy.

Kremliň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen Berdimuhamedowyň gepleşliklerinde söwda-ykdysady, ýangyç-energetika toplumynda, şeýle-de elektroenergetika, transport, telekommunikasiýa hem gumanitar ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerine serediler.

Bir günlük saparynyň dowamynda Berdimuhamedowyň ors premýeri Wladimir Putin bilen duşuşmagyna-da garaşylýar diýip, “Interfaks” agentligi habar berýär.
XS
SM
MD
LG