Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Fransiýa bilen harby hyzmatdaşlygy ýatyrdy


Premýer-ministr Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniň Fransiýa bilen harby hyzmatdaşlygy ýatyrýandygyny aýtdy. Munuň öň ýany Ankara Fransiýadaky ilçisini konsultasiýa üçin yzyna çagyrypdy.

Erdogan bu barada şeýle diýdi:

—Fransiýadaky prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmak maksady bilen, şahsy matlaplaryny amala aşyrmagyň hatyrasyna yslamçylygy we türkçüligi ulanmaga synanyşyk diňe bir Fransiýanyň ykbaly üçin däl, eýsem tutuş Ýewropa, şeýle-de ählumumy ýewropa gymmatlyklary üçin, çuňňur alada döredýär.

Fransiýanyň daşary işler ministri Alen Žüppe bolsa şeýle diýdi:

—Biziň bilelikde işimiz köp. Fransiýa bilen Türkiýäniň köp derejelerde ençeme ugurlar boýunça örän dürli gatnaşyklary bar. Men Türkiýäniň ilçisini yzyna çagyranyna üns berdim. Biziň Türkiýedäki ilçimiz häzir Parižde, zähmet rugsadynda.

2001-nji ýylda Fransiýa Türkiýedäki ermenileriň gyrylmagyny genosid diýip ykrar edipdi. Şol gyrgynyň genosiddigini inkär edene uly möçberde jerime salmagy ýa-da bir ýyl türme tussaglygyny göz öňünde tutýan kanun fransuz parlamenti tarapyndan penşenbe güni kabul edildi.

Şeýle tertipde Holokosty inkär edýänlerem Fransiýada jezalandyrylýar.
XS
SM
MD
LG