Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýada häzire çenli jemi iki müňden gowrak harby öldi


Siriýada dokuz aý bäri dowam edýän köpçülikleýin tolgunyşyklarda içerki goşunyň gullukçylaryndan iki müňden gowrak adamyň ölendigi baradaky maglumaty penşenbe güni Siriýanyň SANA döwlet agentligi ýaýratdy.

Agentligiň maglumatyna görä, şol sanlar BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine we BMG-niň adam hukuklary boýunça edarasyna Siriýa hökümetiniň ýollan hatyndan alnypdyr.

BMG-niň ýaýradýan maglumatlarynda dokuz aýda içerki goşunlar tarapyndan edilen zorluklarda bäş müň adamyň heläk bolandygy aýdylýar. Olaryň aglabasy graždan adamlar.

Penşenbe güni Siriýa Arap döwletleri ligasyndan 12 synçysy geldi. Aýyň ahyryna çenli ýene onlarça synçy geler.
XS
SM
MD
LG