Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan ABŞ-nyň çykaran netijesi bilen ylalaşmaýar


Pakistanyň harby edarasy ýurduň Owganystan bilen serhedine golaý etrabynda 26-njy noýabrda NATO güýçleriniň howadan uran zarbasynda 24 sany pakistan esgeriniň ölümi bilen bagly ABŞ-nyň geçiren derňewiniň netijeleri bilen ylalaşmaýandygyny mälim etdi.

Derňewiň netijesine görä, adam ölümine hem NATO güýçleriniň, hem Pakistan harbylarynyň ýalňyşy sebäp bolupdyr.

Mundan öň NATO-nyň geçiren derňewleriniň çap edilen netijesinde NATO güýçlerine ok atylany üçin, olaryň özlerini goramak maksady bilen hereket edendikleri habar berilýärdi.

Iki tarapyň-da hereketleri sazlamazlygynyň hem goşunlaryň ýerleşişi barada özara informasiýalaryň ýeterlik däldiginiň tragik ýalňyşlyga getirendigi-de dokumentde bellenýär.

26-njy noýabrdaky zarbadan soň Yslamabat bilen Waşingtonyň arasynda dartgynlylyk güýçlendi. Pakistan Owganystandaky halkara güýçler üçin ýük daşalýan ýollary ýapdy.
XS
SM
MD
LG