Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenlermi? “Já vím!”


Çehiýanyň öňki prezidenti Waslaw Hawel
Çehiýanyň öňki prezidenti Waslaw Hawel
23-nji dekabrda çeh halky, diňe çehlerem däl, progressiw pikirli adamzat Çehiýanyň öňki prezidenti Waslaw Hawel bilen hoşlaşdy. Ol örän uly şahsyýet, belli syýasatçy hökmünde taryha girdi. Şonuň bilen birlikde ol dramaturg hökmünde-de meşhurlyk gazandy. Azatlyk Radiosy şu wakalar bilen baglanyşykly Çehiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Hudaýberdi aga, Çehiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy hökmünde siziň ol şahsyýet bilen tanyşlygyňyz barmy?

H. Hally: Elbetde bar. Entek Aşgabatdakam, 90-njy ýyllaryň başynda ol aýdyň demokratik ýolbaşçy hökmünde özüni tiz tanatdy. Şol döwürde oňa: “Hawel ýazyjylaryň arasyndaky iň gowy prezident. Prezidentleriň arasynda-da iň gowy ýazyjy” diýýärdiler. Duz-nesibämiz çekdi, biz çeh topragyna geldik. Haweli has ýakyndan tanamak nesip etdi.

Syýasatçy hökmünde ol hiç bir gurbansyz, hiç bir pidasyz hökümeti kommunistleriň elinden almagy başardy. 89-njy ýyldaky mitingde bütin millet: “Hawel köşge barsyn!” diýip gygyryşypdy. Hiç bir prezident halk söýgüsine şeýle mynasyp bolup saýlanan däldir. Ikinjiden, Waslaw Haweliň ýolbaşçylygynda Çehiýa bilen Slowakiýanyň bölünmegi hiç bir dawasyz, çaknyşyksyz bolup geçdi.

Azatlyk Radiosy: Indi bu hemmä belli syýasy ugurlar. Siziň özüňiz Haweliň syýasatynda nämäni gowy gördüňiz?

H. Hally: Täze döredilen çeh hökümetiniň Jenaýat kodeksinde “Prezidentiň şahsyýeti” ýa-da “Prezidenti gormak” diýen aýratyn madda bolmady. Türkmenistanda bolsa “prezidentiň şahsyýeti”, “prezidentiň el degrilmezligi” ýaly ençeme maddalar bar, özem prezidentiň şahsyýeti bilen baglanyşykly islendik jenaýat işine ýa-da jenaýat saýylýan işe örän ýowuz çäre görýärler. Emma Hawel Çehiýada şol düzgüni girizmedi. “Prezident hem raýatlaryň biri ýaly bolmaly” diýen düzgüni öňe sürdi. Ol hem edil beýleki raýatlar ýaly, adaty hukuklaryň derejesine kaýyl boldy.

Azatlyk Radiosy: Kanunda şeýle maddalaryň görkezilmeýändigi üçin, ol öz şahsyýetini ýa-da abraýyny gorap bildimi?

H. Hally: Ýok, köp halatda gorap bilmedi. 97-98-nji ýyllarda çeh telewideniýesinde Haweli günde-günaşa diýen ýaly tankytlardylar. Soňra Haweliň maşgala ýagdaýy bilen baglanyşykly ençeme faktlary aýan etdiler.

Azatlyk Radiosy: Şol tankytlara ýa-da aýyplamalara çeh jemgyýetiniň, şol sanda Haweliň özüniň garaýşy nähili boldy?

H. Hally: Elbetde, agyr boldy. Çeh jemgyýetçiligi şeýle çykyşlary halamady. Haweliň özi hem ýagdaýyň gaty bir beýle däldigini aýtdy. Köp tankydy bolsa dymmak bilen duşundan geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Biz öz içki ýagdaýymyza dolansak, siz Waslaw Hawel bilen duşuşyp gördüňizmi?

H. Hally: Hawa, elbetde, duşuşdym. Ýeri gelende aýtsak, Azatlyk Radiosynyň žurnalistleriniň hem köpüsi Haweli ýakyndan tanaýandyr. Sebäbi ol birnäçe gezek radio geldi, žurnalistleriň öňünde çykyş etdi. Ýöne men başga duşuşygy ýatlamak isleýän. Hawel Çehiýanyň Penklubynyň hormatly agzasydy. Çehiýada her iki ýyldan bir gezek Karel Çapek adyndaky halkara baýragy berilýär. Şol baýrak gowşurylyş dabaralaryna Waslaw Hawel hem gatnaşyp geldi. Ine, şol dabaralarda görüşmek örän ýakymlydy. Soňky gezek men Haweli Çehiýanyň Senaty ýerleşýän köşkde geçirilen dabarada gördüm. Ýanymda kiçi gyzym bardy. Biz Hawel bilen salamlaşdyk, görüşdik. Özümiziň türkmendigimizi aýtdyk.

Azatlyk Radiosy: Ýeri, onsoň, Hawel türkmenleri tanaýardymy?

H. Hally: Tanaýan bolsa gerek. Ol bize: “Já vím!.. Já vím”, ýagny “Men bilýän” diýdi.

Azatlyk Radiosy: Siz surata düşdüňizmi onsoň?

H. Hally: Ýok. Ýanymyzda surat alar ýaly apparat bolmady.

Azatlyk Radiosy: Haweliň syýasatçy hökmündäki hyzmatyna iňňän ýokary baha berýärler. ABŞ-nyň öňki Döwlet sekretary Madlin Olbraýt ony 20-nji asyryň iň meşhur syýasatçysy diýip häsiýetlendirdi. Eýsem Waslaw Haweliň ýazyjylyk hyzmatyna çeh halky nähili garaýar?

H. Hally: Hawel dramaturg hökmünde meşhur. Onuň 18 eseri çeh sahnasynda goýuldy. Şonuň bilen birlikde, ol belli publisist. Onuň “Gysga gürläň” diýen publisistik kitaby çehleriň arasynda meşhur boldy. Ony prezidentlik wezipesinden gidensoň ýazypdy. Ol golaýda öz ömür ýoly barada bir filmi surata düşürdi. Haweliň özi barada “Obçan Hawel”, ýagny “Graždanin Hawel” atly 20 seriýaly dokumental telefilm bar.

Azatlyk Radiosy: Siz ýazyjy hökmünde, onuň iň gowy häsiýeti näme diýersiňiz?

H. Hally: Ol öz topragyny hem ynsanyýeti söýdi. Ol syýasy hereketleri üçin 80-nji ýyllarda türmä basylypdy. Ony türmeden boşatmak, daşary ýurda almak barada aladalar boldy. Ýöne ol çeh türmesinden çykyp, daşary ýurda gitmejekdigini aýtdy. Şol döwürde oňa şahsy mertligi üçin, Kurt Tuholski baýragy berlipdi. Ýeri gelende aýtsak, biziň şahyrymyz Şiraly Nurmyrada-da halkara Kurt Tuholski baýragy berildi.

Şeýlelikde, ol çeh topragyny, çeh medeniýetini söýdi. Ikinjiden, ähli ynsanyýete, aýratyn-da ezilýän sada halka mydama raýdaşlyk bildirdi. Ol ölmeziniň öň ýanynda tibetleriň ruhany lideri Dalaý Lamany ýanyna çagyrdy. Onuň iň soňky gören hem hoşlaşan adamy Dalaý Lama boldy.

Azatlyk Radiosy: Çehiýanyň häzirki prezidenti Waslaw Klaus Hawele: “Ol demokratik çeh döwletiniň simwoly” diýip baha berdi. Bu, elbetde, indi Waslaw Haweliň taryhda ýaşajakdygyny aňladýar.
XS
SM
MD
LG