Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Medwedew syýasy reformalary teklip edýär


Dmitriý Medwedew parlamentiň iki palatasynyň-da wekilleriniň öňünde ýyllyk ýüzlenme bilen çykyş edýär, 22-nji dekabr.

Dmitriý Medwedew parlamentiň iki palatasynyň-da wekilleriniň öňünde ýyllyk ýüzlenme bilen çykyş edýär, 22-nji dekabr.

Penşenbe güni prezidenti Dmitriý Medwedew parlamentiň iki palatasynyň-da wekilleriniň öňünde ýyllyk ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Parlamentiň iki palatasynyň-da wekilleriniň öňünde eden bu ýyllyk ýüzlenmesinde Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew soňky günler dolandyryjy häkimiýete garşy güýçlenýän halk närazylygyny köşeşdirmäge çalyşýan ýaly göründi. Ol öz çykyşynda ýurtda düýpli syýasy reformalaryň geçirilmegini teklip edýändigni aýratyn nygtady:

—Men öz syýasy sistemamyzy düýpleýin reformirlemegi teklip edýärin. Men özgerişliklere zerurlygyň bardygyny aýdýan adamlaryň sözlerine üns berýändigimi we olara düşünýändigimi aýdasym gelýär. Aktiw raýatlaryň hemmesine ýurduň syýasy durmuşyna gatnaşmaga kanuny mümkçinlikleri bermeli.

Orsýetdäki oppozision protestçileriň liderleri prezident Medwedewiň reformalar baradaky tekliplerini hoşallyk bilen garşy aldylar. Medwedewiň teklipleriniň hatarynda regionlaryň gubernatorlaryny ýerli saýlawlar arkaly saýlamak, syýasy partiýalary we prezidentlik saýlawlaryna kandidatlary hasaba almak prosesini ýeňilleşdirmek ýaly teklipler-de bar.

“Gijikdirilen”

Emma, şeýle-de bolsa, käbir synçylar Orsýetiň prezidentiniň bu teklipleriniň, bir tarapdan, örän gijikdirilendigini, ikinji tarapdan olaryň henizem ýüzleýdigini, üçünji tarapdan bolsa bu teklipleriň diňe teklipligine galmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

—Elbetde, Medwedew birneme öňe tarap ädim ätdi. Emma onuň öňe süren teklipleri esasy problema çözgut berenok. Bu esasy problema bolsa, häkimiýetleriň kanunylyk meselesi bilen bagly problema—diýip, resmi registrasiýa edilmedik “Halk azatlygy” atly partiýanyň lideri Wladimir Ryžkow aýtdy.

4-nji dekabrda Döwlet Dumasyna geçirilen saýlawlarda giň gerimde galplyklaryň amala aşyrylandygy barada bildirilýän aýyplar boýunça ýurduň dolandyryjy elitasy goranyş pozisiýasyny eýeläp gelýär.

Bu gezekki saýlawlarda dolandyryjy “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy Dumadaky ozalky orunlarynyň dörtden bir bölegini ýitirdi. Emma, şeýle-de bolsa, ol Dumada özüniň agdyklygyny saklap galdy. Oppozisiýanyň liderleri we käbir garaşsyz synçylar bolsa, “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň bu gezek diňe saýlawlardaky galplyklar netijesinde özüniň agdyklygyny saklap bilendigini öňe sürýärler.

Teklipler

Prezident Dmitriý Medwedewiň öz çykyşynda öňe süren teklipleriniň hatarynda 2004-nji ýylda Wladimir Putiniň permany arkaly prezident tarapyndan bellenmeli edilen regional gubernatorlary ýerli saýlawlar arkaly saýlamak teklibi-de bar.

Mundan daşary, ol prezidentlige kandidatlaryň toplamaly gollaryny azaltmak, syýasy partiýalaryň registrasiýasyny ýeňilleşdirmek, Döwlet Dumasyna saýlanýan deputatlaryň ýarsyny özbaşdyk mandatlaryň hasabyna saýlamak ýaly teklipler-de bar. Häzirki wagt Döwlet Dumasynyň ähli deputatlary partiýa degişlilikleri boýunça saýlanýarlar.

Geçen hepde, 10-njy dekabrda soňky saýlawlar bilen baglanyşykly Moskwada geçirilen hökümete garşy protest çykyşlary 1990-njy ýyllardan bäri gurnalan iň uly protest çykyşy hökmünde alamatlandy. Oňa azyndan 40 müň töweregi adamyň gatnaşandygyny habar berildi. Ýöne 24-nji dekabrda, şenbe güni geçiriljek indiki demonstrasiýa ozalkydan hem uly gerimde bolmagy mümkin diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG