Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Moskwada resmi saparda boldy


Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Orsýetiň paýtagty Moskwada bir günlük resmi saparda boldy.

Bu saparynyň dowamynda ol Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew we premýer-ministri Wladimir Putin dagylar bilen özara gepleşik geçirdi. Bu gepleşiklerde taraplar Türkmenistan bilen Orsýetin hyzmatlaşlyklarynyň dürli ugurlary barada pikir alyşdylar.

Gepleşiklerde söwda-ykdysady, ýangyç-energetika hem-de bilim we medeniýet boýunça hyzmatdaşlyklary ösdürmek meseleleriniň aýratyn üns merkezinde bolandygy habar berilýär.

Şeýle-de, maglumata görä, 2012-nji GDA Bileleşigine ýolbaşçylyk etjek Türkmenistanyň bu Bileleşigiň çäklerindäki hyzmatdaşlyklary baradaky mesele hem gepleşikleriň aýratyn bir temasy bolupdyr.

Ýöne Türkmenistanyň prezidentiniň Orsýetde geçiren bu ýokary derejeli duşuşyklarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklar barada nähilidir bir dokumentlere gol çekilendigi barada hiç hili maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG