Sepleriň elýeterliligi

Siriýa iki partlamadan 40 adamyň öldendigini aýdýar


Şu gün Siriýanyň döwlet telewideniýesi paýtagt Damaskda janyndan geçen hüjümçiler tarapyndan amala aşyrylan iki sany partlamada azyndan 40 töweregi adamyň ölüp, 100-den gowrak adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Döwlet telewideniýesiniň maglumatyna görä, bu partlamalar howpsuzlyk gullugynyň iki sany bazasynyň ýanynda amala aşyrylypdyr. Partlamalarda harbylar bilen birlikde ýerli parahat ýaşaýjylaryň-da ölendikleri aýdylýar.

Düýn Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimini bu ýurdy «gana boýanlykda» aýyplap, ýörite beýannama ýaýratdy.

Soňky dokuz aý bäri prezident Başar al-Assadyň režimi Siriýadaky demonstrasiýalarda protestçilere garşy ýarag ulanmagyny dowam etdirip gelýär. Birleşen Milletler Guramasy şu döwrüň içinde Siriýada 5 müňden gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG