Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýew özüniň giýewsini wezipesinden boşatdy


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ýurduň günbatar regionynda ýüz beren ganly bulagaýçylyklaryň yzy bilen, penşenbe güni bu regiona sapara bardy. Bu saparynyň barşynda ol regionyň birnäçe ýokary derejeli resmilerini wezipelerinden boşatdy.

Prezident administrasiýasynyň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, prezidentiň permany bilen penşenbe güni Nazarbaýewiň giýewisi Timur Kulibaýew hem “Samruk-Kazyna” atly döwlet fondunyň başlygy wezipesinden boşadylypdyr. Bu döwlet fondy “KazMunaýGaz” kompaniýasynyň ýeke-täk eýesi bolup durýar.

Mundan daşary, prezidentiň permany bilen “KazMunaýGaz” kompaniýasynyň we onuň Londondaky filial kompaniýasynyň ýolbaşçylary wezipelerinden boşadylypdyr.

Ýakynda şu regiondaky nebitçiler şäheri bolan Žanaozende polisiýa güýçleriniň protestçilere garşy ýarag ulanmaklary netijesinde 15 adam ölüp, 100 töweregi adam ýaralanypdy.

Penşenbe güni Gazagystanyň baş prokurory bu bolan waka boýunça derňew işlerine Birleşen Milletler Guramasyndan wekilleriň-de çagyrylandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG