Sepleriň elýeterliligi

Orsýetliler köpçülikleýin protestlere çykdylar


Onlarça müň orsýetliler Moskwanyň we ýurduň beýleki şäherleriniň köçelerine çykyp, 4-nji dekabrda Döwlet Dumasyna geçirilen saýlawlarda boldy diýilýän galplyklara garşy protest geçirdiler.




Paýtagtda geçirilen demonstrasiýalara iki hepde mundan öňküden has köp adam gatnaşdy. Bu ýagdaý premýer-ministr Wladimir Putine bildirilýän nägilelikleriň gitdigiçe ýokarlanmagy hökmünde alamatlandy.

Guramaçylaryň aýtmagyna görä, Moskwanyň Saharow köçesine 100 müňden gowrak adam çykypdyr. Bu giň köçe Kremliň 2,5 kilometr golaýynda ýerleşýär. Köpler “Putinsiz Orsýet!” diýip gygyryşdylar we “Orsýet azat bolar!” diýen şygarlary ýaňlandyrdylar. Garaşsyz “Dožd TW” telekanaly 80 müň adamyň metal detektorlardan geçirilendigini habar berdi. Emma polisiýa 28 müňden gowrak adamyň protestlere çykandygyny çaklady.

Korrupsiýa garşy göreş alyp barýan blogger, mundan öňki protestlere gatnaşany üçin 15 gün tussaglykda oturyp çykan Alekseý Nawalnyý demonstrasiýalaryň gerimine ýokary baha berdi. Synçylaryň aýtmagyna görä, bu protestler 20 ýyl mundan öň SSSR-iň ýykylmagyndan bäri Orsýetde geçirilýän iň uly demonstrasiýa hasaplanýar.

—Men häzir şu ýerde Kremli we hökümet binasyny basyp almaga güýji ýetjek köpçüligi görýärin. Emma biz parahat güýç. Biz ony etmeris. Entek däl. Emma bu kezzaplar bizi aldamaga, bize ýalan sözlemäge, bizden ogurlamaga dowam etse, muny ederis —diýip, Nawalnyý aýtdy.



Demonstrantlar 4-nji dekabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijeleriniň hasap edilmezligini talap edýärler. Köp sanly galplyklaryň bolandygy aýdylýan şol saýlawlar netijesinde Putiniň “Bütewi Orsýet” partiýasy Döwlet Dumasyndaky köplügi zordan gazandy. Şeýle hem protestçiler hasaba alynmadyk oppozision partiýalaryň gatnaşmagynda täze saýlawlaryň geçirilmegini, ýokary derejeli saýlaw ýolbaşçylarynyň wezipelerinden çekilmegini talap edýärler.

Gitdigiçe möwjäp barýan nägile jemgyýety köşeşdirmek üçin, 22-nji dekabrda Dmitriý Medwedew birnäçe reformalary teklip etdi. Medwedewiň teklipleriniň hatarynda regionlaryň gubernatorlaryny ýerli saýlawlar arkaly saýlamak, syýasy partiýalary we prezidentlik saýlawlaryna kandidatlary hasaba almak prosesini ýeňilleşdirmek ýaly meseleler-de bar.

Oppozisiýa liderleriniň biri, premýer-ministriň öňki orunbasary Boris Nemsow prezident Medwedewe ynanmaýandygyny aýtdy:

—Biz ynanmaýarys. Biz oňa ynanamzok. Ol mundan öňem döwrebaplaşmany, innowasiýany teklip edipdi, ‘azatlyk azat bolmazlykdan has gowy’. Elbetde, ol tanymal blogger, bu dogry, ýöne ol hiç haçanam prezident bolmady.

Sentýabr aýynda wezipesinden çekileni bäri protestçilere raýdaşlyk bildirip gelýän öňki maliýe ministri, Putiniň ýakyn ýarany Alekseý Kudrin hem protestçi mähellä ýüzlenip, şeýle diýdi:

—Men bu gün şu ýerde, sebäbi men adalatly saýlawlaryň tarapdary. Men saýlawlaryň netijeleri bilen ylalaşamok. Meniň pikirimçe, jogapärleriň hemmesinden hasap soralmaly, hatda jezalandyrylmaly, [Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Wladimir] Çurow kowulmaly.



Uly göwrümli polisiýa halkasy demonstrantlaryň daşyny gurşap aldy, ýöriş geçirilýän meýdança barjaklar metal detektorlardan geçirildi. Polisiýanyň dikuçary asmandan gözegçilik etdi.

Ýöne paýtagtda geçirilen protestlerde, umuman aýdylanda, bulagaýçylyk bolmady, demonstrasiýa asuda äheňde geçirildi.

Günüň ilkinji protestleri ýurduň günorta şäherleri Blagoweşenskde, Habarowskda, Ýužno-Sahalinde we Wladiwostokda başlandy. Wladiwostokda geçirilen demonstrasiýa gatnaşyjylaryň käbiri Putiniň sud edilmegini talap edýän ýazgylary göterdiler.

Bu aralykda, iň soňky Sowet lideri Mihail Gorbaçýow Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putini özünden görelde almaga we wezipesinden çekilmäge çagyrdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG