Sepleriň elýeterliligi

Yrakday “Aşraf” lageri boýunça ylalaşyga gelindi


Yragyň hökümeti BMG-niň resmileri bilen ýurduň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän eýran bosgunlarynyň ýaşaýan “Aşraf” lageriniň ykabylyny kesgitlejek ylalaşyk baglaşdy.

Maglumata görä, lagerdäki bosgunlar wagtlaýynça Yragyň başga bir ýerine göçürilip, mundan soň olaryň geljegi bilen BMG-niň bosgunlar boýunça edarasy meşgullanlar.

“Aşraf” lageri 1980-nji ýyllarda esaslandyrylyp, onda Eýranyň režimine garşy çykan 3,400-e golaý bosgun mesgen tapypdy.
XS
SM
MD
LG