Sepleriň elýeterliligi

Sudanyň güýçleri pitneçi toparyň liderini öldürdi


Sudanyň günbataryndaky Darfur regionynyň iň güýçli pitneçi toparydygy çak edilýän “Adalat we deňlik” hereketiniň başlygy öldürildi.

Sudanyň harby güýçleriniň maglumatyna görä, Halil Ibrahim ýurduň harbylary bilen çaknyşykda öldürilipdir.

Pitneçi topar özüniň lideriniň öldürilendigini tassyklady. Ýöne topar onuň “çaknyşykda” däl-de, howa hüjümi mahaly ölendgini öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG