Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda bolan partlamada 19 adam öldi


Owganystanyň demirgazyk-gündogaryndaky Takhar welaýatynda janyndan geçen söweşijiniň amala aşyran hüjümidigi çak edilýän partlamada azyndan 19 adam, şol sanda owgan parlametniniň bir agzasy öldi.

Bu hüjüm barada Owganystanyň içeri işler ministri Sadik Sadiki Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi:

— Biziň häzirki maglumatlarymyza görä, 19 bigünä adam, şol sanda parlamentiň agzasy jenap Baig hem öldi. Başga-da 38 adam ýaralandy.

Prezident Hamid Karzaý bu hüjümi berk ýazgardy.
XS
SM
MD
LG