Sepleriň elýeterliligi

Günbatar Nigeriýada bolan hüjümleri ýazgarýar


Günbatar döwletleri Nigeriýada Roždestwo güni keliselere garşy amala aşyrylan bomba hüjümlerini ýazgardylar. Şol hüjümlerde 40 töweregi adamyň ölendigi aýdylýar.

Hüjümleriň jogapkärçiligini “Boko haram” yslamçy topar öz üstüne aldy. Bu topar nebite baý Nigeriýada şerigat kanunlaryny ornaşdyrmak isleýär.

Ak Tam hüjümleri “manysyz” diýip atlandyryp, bulary ýazgardy. Şeýle-de hüjümiň gurnaýjylaryny adalata çekmek üçin Nigeriýanyň resmilerine hemaýat etmegi hödürledi.

Hüjümleri Britaniýa, Fransiýa we Italiýa hem ýazgardy.

Manysy ýerli dilden terjime edilende “Günbataryň bilimi gadagan” diýmegi aňladýan “Boko Haram” topary soňky aýlaryň dowamynda ýygy-ýygydan hüjümleri amala aşyrýar.

Topar awgust aýynda Nigeriýanyň paýtagty Abujada BMG-niň binasyna garşy amala aşyrylan bomba hüjüminiň jogapkärçiligini hem öz üstüne alypdy. Şonda 24 adam ölüp, 100-e golaý adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG