Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanly Gülsümaý Abdujalylowanyň syrly wakasy


Hurşida Jurabaýewa ilki başda suratdaky gyzyň Gülsümaý Abdujalylowadygyny aýdypdy.

Hurşida Jurabaýewa ilki başda suratdaky gyzyň Gülsümaý Abdujalylowadygyny aýdypdy.

Stambul şäherinde 19-njy dekabrda “Dünýä özbekleriniň birligi” merkeziniň binasynda metbugat konferensiýasy geçirildi. Onda Özbegistanyň Halk Hereketiniň başlygy Muhammed Salyhyň janyna kast etmäge synanyşygyň öňüniň alnandygy hakynda beýanat ýaýradyldy.

Stambuldaky “Dünýä özbekleriniň birligi” merkeziniň başlygy Adem Çewigiň sözlerine görä, özbegistanly Hurşida Jurabaýewa atly zenan bu merkeze ýüz tutupdyr. Ol özüniň Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugy tarapyndan Muhammed Salyhyň janyna kast etmäge taýýarlanandygyny aýdypdyr. Bu hakda Adem Çewik şeýle diýdi:

—Hurşida hanym şeýle ýagdaýyň bolandygyny boýun aldy. Şeýlelikde bu gezek Muhammet Salyhyň janyna kast etmäge synanyşygyň öňi alyndy. Emma şeýle ýagdaýyň ýene-de dowam etmegi mümkin. Şu wagta çenli onuň janyna kast etmäge birnäçe gezek synanyşdylar. Hatda şu ýyl Muhammet Salyhyň ýolbaşçylyk edýän Özbegistanyň Halk Hereketiniň Orsýetdäki bölüminiň lideriniň hem janyna kast etmäge synanyşyk boldy.

Häzire çenli Hurşida Jurabaýewa Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan gynamalara sezewar edilendigini we onuň bilen bile andijanly ýene bir Gülsümaý Abdujalilowa atly gyzyň-da Milli howpsuzlyk gullugynyň basyşy astynda Muhammed Salyhyň janyna kast etmek üçin taýýarlanandygyny aýtdy.

Hurşida Jurabaýewanyň sözlerine görä, onuň şu güne çenli özi we Gülsümaý barada aýdanlary umuman Milli howpsuzlyk gullugynyň basyşlary astynda aýdylan ýalan, toslama zatlar. Ony ýalan sözlemäge mejbur eden Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri Hurşidany öý tussaglygynda saklap, Gülsümaý Abdujalilowa baradaky toslama waka we Muhammed Salyhyň janyna kast etmek synanyşygy boýunça düzülen plana berk ynandyrypdyrlar. Onuň bellemegine görä, Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň arasynda özüni Gülsümaý diýip tanadan näbelli bir gyz internet arkaly Özbegistanyň Halk Hereketiniň agzalary bilen yzygiderli gatnaşykda bolupdyr.

—Ol zenan meni sorag etdi. Ol iki erkek adam bilen bile geldi. Olar meni ýurtdan çykyp gidip barýarkaň şeýle diý diýip, mejbur etdiler. Aslynda men Gülsümaý diýen gyzy tanamok—diýip, Hurşida Jurabaýewa boýun aldy.

Ýüze çykan jedeller

Bu resminama Gülsümaý Abdujalilowanyň ölendigi baradaky dokument hökmünde görkezilipdi.

Bu resminama Gülsümaý Abdujalilowanyň ölendigi baradaky dokument hökmünde görkezilipdi.

Andijanly 32 ýaşly Gülsümaý Abdujalilowanyň Özbegistanyň Halk Hereketiniň başlygy Muhammed Salyha garşy görkezme bermäge mejbur edilendigi üçin 4-nji dekabrda agşam öz janyna kast edendigi barada ilki Özbegistanyň adam hukuklary alýansy beýanat ýaýratdy. Şol günden Gülsümaýyň şahsyýeti we onuň özüni öldürenligi ýa öldürmänligi barada jedeller başlandy.

Internet arkaly wideogepleşikde andijanly Iroda Karabaýewa atly zenan öz janyna kast etdi diýilýän Gülsümaý Abdujalilowanyň suratlarydygy aýdylan we metbugatda çap edilen suratlaryň hemmesiniň özüniňkidigini tassyklady. Şeýlelikde, Gülsümaý Abdujalylowa diýilýän şahsyýet ýok bolup çykdy.

Hurşida Jurabaýewanyň sözlerine görä, Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugy ony Özbegistanyň Halk Hereketiniň başlygynyň janyna kast etmek üçin peýdalanjak bolupdyr:

—Moskwa baranymdan soň, BMG-e baş pena sorap ýüz tutmalydym. Soňra garaşyp oturan ýerimde maňa bir adam jaň etmelidi. Ana, şol adam baryp, Muhammed Salyhyň janyna kast etmelidi. Men diňe şol adamy “meniň ýaly zulum gören garyndaşym” diýip, Özbegistanyň Halk Hereketiniň agzalary bilen tanyşdyrmalydym. Soňra islendik wagt Özbegistana dolanaýmalydym.

Öň maşgala agzalaryna we 5 ýaşly gyzynyň janyna howp abanandygy zerarly Milli howpsuzlyk gullugynyň şertlerine razy bolandygyny aýdan Hurşida Jurabaýewa häzirem gorksa-da, bu buýrugy ýerine ýetirmejekdigini aýtdy:

—Men gaty gorkdum. Uly adamlar azaba çydarlar, emma gyzym çydamaz. Ol häzirem meniň bilen däl. Häzir Milli howpsuzlyk gullugynyň islendik wagt ony ele salyp biljekdiklerinden gorkup ýaşaýaryn. Emma bu ýere gelenimden soň, maňa hak-hukuklarymy düşündirdiler. Men hakykaty dünýä ýaýratsam, Milli howpsuzlyk gullugy garyndaşlarymy ýanamazlar diýip düşündim.

Jurabaýewanyň aýdanlaryny halkara jemgyýetçiligine ýetiren “Dünýä özbekleriniň birligi” merkeziniň başlygy Adem Çewik Özbegistanda höküm sürýän režimiň şeýle jenaýatlary bes etmelidigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG