Sepleriň elýeterliligi

Hameneýä ýazylýan hatlar


Eýranyň ýokary dini ýolbaşçysy aýatolla Ali Hameneýi

Eýranyň ýokary dini ýolbaşçysy aýatolla Ali Hameneýi

Žurnalist we kinorežissýor Muhammad Nurizad Eýranda mukaddes tabularyň, ýagny agzamasy, ýanaşmasy gadagan zatlar baradaky düzgünleriň birini ençeme gezek äsgermezlik eden adam.

Öňki konserwatiw Nurizad Eýranyň ýokary dini ýolbaşçysy aýatolla Ali Hameneýä ençeme gezek açyk hat ýazyp, ony eýran halkyny erbet saklaýar, ýurdy üzňelige salýar diýip aýyplady.

Žurnalist we kinorežissýor Muhammad Nurizad

Žurnalist we kinorežissýor Muhammad Nurizad

Nurizad ýaňy-ýakynda dini we syýasy şahsyýetleri öz edýän tagallalaryna goşulyp, ýurduň ýolbaşçysyna “edepli”, ýöne ak ýürekden açyk hat ýazmaga çagyrdy. Onuň bu çakylygy jogapsyz galmady, ýurduň içinden hem daşyndan dini ýolbaşça hat ýazyldy. Mysal üçin, Eýranyň din ugrundan täsirli alymy Abdolkarim Sorouş 22-nji dekabrda onuň hökümdarlygynyň indi uzaga çekmejekdigini aýdyp, dini ýolbaşça duýduryş berdi.

Nurizad prezident Mahmud Ahmedinejadyň gaýtadan saýlanmagyna protest bildiren adamlara edilýän zulum-süteme reaksiýa görkezip, Hameneýä uç sany hat ýazyp, öz blogunda ýerleşdirdi. Ol hatlarynda ýokary dini ýolbaşçyny özüniň “nadan” dostlaryna we geňeşçilerine boýun egenlikde aýyplady.

Ol bu hatlar sebäpli üç ýyl ýarym türmede oturdy. Ýöne Nurizad Tähranda adamlaryň urlup-ýenjilip saklanýan ýeri diýip tanalýan “Ewin” tussaghanasynda hem Hameneýä ýazýan hatlarynyň yzyny üzmedi.

Nurizad özüne 50 gamçy urlandygyna, türmede ejir çekendigine garamazadan, bu işden el üzmejekdigini aýdýar. Ýöne gaýgy-alada ýok däl:

—Elbetde, alada edýärin. Men bir ynsan, maşgalam bar. Olaryň hal-ýagdaýy meni aladalandyrýar. Aladalanmak bir tebigy zat, ýöne özüme gezek gelende, ýitirjek hiç bir zadymyň ýokdugyny görýärin. Gaýgy welin, bar.

Hatlaryň täsiri

Nurizadyň inisiatiwalaryny öwýänleriň biri häzir Waşingtonda ýaşaýan syýasy analitik, studentleriň öňki ýolbaşçysy Ali Afşary:

—Ýokary dini ýolbaşçynyň açyk tankytlanmagy onuň ornuny adaty ýagdaýa getirip, ony tankytlaýanlar üçin, däp boýunça, göz öňünde tutulan ýokary jezany üýtgeder.

Eýrandan ýaňy-ýakynda gaçyp çykan tanymal analitik Reza Alijanyň pikiriçe-de, Nurizadyň hatlarynyň onuň güýçli “Rewolýusiýa sakçylarynyň” içindäki öňki kärdeşleriniň käbirine täsir etmegi mümkin:

—Dogry ýaýradylyp, ýetmeli adamlara dogry ýetirilse, bu hatlaryň täsiriniň bolmagy mümkin. Ol şu wagtyň özünde-de adamlary syýasy ýagdaýdan habarly edýär. Ol syýasy problemalara ünsi çekip, araçäkleri süýşürýär. Bu işe mümkinçilik döreden Nurizad we şular ýaly işleri eden beýleki batyr, päk adamlar.

Nurizad, özi ýaly, eýran ýolbaşçysyny tankytlamakda çygyrdan çykan žurnalistler, beýleki adamlar tarapyndan ýazylan ençeme haty “Facebook” saýtynda we öz kampaniýasyna bagyşlanan websaýtda ýerleşdirdi.

Oppozision “Ýaşyl hereketiň” bir agzasy özüniň Hameneýini Eýranda dost-ýary ýok iň ýeke adam, ýigrenilýan şahsyýet hasap edýändigini ýazýar. 15 ýaşly bir oglan hem Hameneýä şeýle ýiti soraglary berýär:

—Eziz ýolbaşçy, seniň türmeleriňde näme üçin ýüzlerçe eýranly otyr? Garaýyşlarynyň seniňkiden tapawutlydygy üçinmi? Siriýada bigünä adamlaryň birehimlik bilen ödürilmegini aklap, Başar al-Assady nädip goldap bilýärsiň? Bize dünýäde näme üçin dost galmady?

Bu hatlar barada dini ýolbaşçynyň açyk aýdan zady ýok. Ýöne Nurizad onuň öz hatlaryny okaýadygyna ynanýar:

—Onuň bulary okaýandygyna şübhe ýok. Sen birine bir hususy hat ýazanyňda, diňe bir adama ýüzlenýärsiň. Ýöne ony açyk neşir edeniňde, bu adam ol haty okaýan müňlerçe, millionlarça adamyň biri bolýar. Hameneýi bu hatlary okaýan bolsa, onda ol goşa jogapkärçilik çekýär. Okamaýan hem bolsa, onda bu bir pajyga.
XS
SM
MD
LG