Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti ýene diktatorlaryň sanawyna girdi


Berdimuhamedow diktatorlaryň sanawynyň 6-njy setirinde ýerleşdirilipdir.
Berdimuhamedow diktatorlaryň sanawynyň 6-njy setirinde ýerleşdirilipdir.

“Parade” žurnaly dünýäniň iň zalym diktatorlarynyň sanawyny çap etdi. Bu sanawdaky aýatda diri gezip ýören 10 diktatoryň biri Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Žurnal Berdimuhamedowy diktatorlaryň arasynda 6-njy orunda goýupdyr.


Redaksiýasy Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Parade” žurnalynyň dünýäniň iň zalym diktatorlary boýunça düzen sanawy Demirgazyk Koreýanyň ýaňy-ýakynda ýogalan ýolbaşçysy Kim Çen Irden başlanýar, Zimbabweniň ýolbaşçysy Robert Mugabe bilen hem tamamlanýar. Sanaw şeýle-de Eritreýanyň, Sudanyň, Özbegistanyň, Siriýanyň, Mýanmanyň, Türkmenistanyň, Kubanyň, Ekwatorial Gwineýanyň, Wenesuelanyň ýolbaşçylaryny öz içine alýar.

Berdimuhamedow diktatorlaryň sanawynyň 6-njy setirinde ýerleşdirilipdir. 1997-nji ýylda saglygy saklaýyş ministri, 2001-nji ýylda bolsa hökümet baştutanynyň orunbasary wezipelerine bellenen Berdimuhamedowyň bu wezipelerde bolan döwri ýurduň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň keselhanalary ýapmak ýaly aýylganç kararlaryny durmuşa geçiren adamdygy bellenýär.

Ýurduň tebigy baýlyklaryna garamazdan, 58%-e golaý ilatynyň garyplyk derejesinden pes şertlerde ýaşaýanlygy hem aýdylýar.

Nyýazow ýogalansoň, wagtlaýyn prezidentiň wezipesini ýerine ýetiren Berdimuhamedowyň bu wezipäni eýelän adamynyň prezidentlige ymtylmagyny gadagan edýän milli kanuny üýtgedip, saýlawlarda sesleriň 89%-den gowragyny alandygy hem agzalýar.

Žurnal Berdimuhamedowyň daşary syýasaty bilen baglylykda Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň gurlandygyna we ýurduň Pekindir Moskwa bilen syýasy gatnaşyklaryna ünsi çekýär.

600-den gowrak Ýekşenbe gazetleri tarapyndan ýaýradylýan “Parade” žurnalynyň çap eden “diktatorlaryň sanawynyň” 3-nji setirini Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow eýeleýär.

Awtoritarlygyň dürlüligi

“Parade” žurnalynyň çap eden “diktatorlaryň sanawynyň” 3-nji setirini Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow eýeleýär
“Parade” žurnalynyň çap eden “diktatorlaryň sanawynyň” 3-nji setirini Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow eýeleýär
Halkara sanawlarynda we hasabatlarynda, adatça, Özbegistan we Türkmenistan dünýä derejesindäki iň awtoritar döwletleriň biri diýlip atlandyrylýar. Muňa garamazdan, regional bilermenler iki ýurduň syýasy sistemalarynyň we döwlet baştutanlarynyň ýurdy dolandyryş usullarynyň birek-biregiňkiden tapawutlanýanlygyna ünsi çekýärler.

Fransiýada ýaşaýan özbegistanly syýasaty öwreniji Kamolitdin Rabbimow 30 million ilatly Özbegistanda, 5-6 million ilatly Türkmenistana garanda awtoritar režimi ýöretmek has kyn diýip, pikir edýär:

—Türkmenistanyň ýolbaşçylary öz režimini saklamak üçin ýurduň ýapyklygyndan we üzňeliginden peýdalanýan bolsalar, Karimow öz häkimiýetini rehimsizligi bilen saklap gelýär. Özbegistanda awtoritarlyk has berk diýip, hasap edýärin. Syýasy tussaglaryň sany režimiň berkligini görkezýän alamatlaryň biridir. Özbegistanda 15 müňe golaý syýasy tussag bar.

Türkmenistana demokratiki we graždan azatyklary boýunça-da dünýä derejesinde ýyllar boýy erbet baha berlip gelinýär.

Britaniýanyň “Economist Intelligence Unit” guramasynyň 2011-nji ýylda dünýäde demokratiýanyň ýagdaýy boýunça çap eden hasabatynda hem Türkmenistan awtoritar režimli we demokratiýa taýdan iň pes derejeli ýurtlaryň biri diýlip atlandyryldy.

Hasabata görä, demokratiýanyň derejesi boýunça Türkmenistandaky ýagdaý halkara derejesinde diňe Çad we Demirgazyk Koreýa ýaly ýurtlardan azajyk ganymat.
XS
SM
MD
LG