Sepleriň elýeterliligi

Aşgabadyň eteginde 489 kg. neşe ýakyldy


Türkmenistanyň kanun goraýjy organlary tarapyndan ele salnan 489 kilogram möçberindäki neşe maddasy geçen şenbe güni Aşgabadyň etegindäki Kasamly jülgesinde oda ýakyldy.

Türkmenistanyň resmi habar agentliginiň ýazmagyna görä, neşe maddalaryny ýakmak çäresine Türkmenistanyň resmileri bilen birlikde BMG-niň neşä we jenaýatçylyga garşy göreş boýunça uprawleniýesiniň we käbir daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri-de gatnaşypdyrlar.

Ýöne resmi habar çeşmelerinde bu neşe maddalarynyň anyk nähili operasiýalarda ele salnandygy barada maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG