Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda 53 adam terrorçylykda günäli tapyldy


Şu gün Täjigistanyň Sogd welaýatynyň sudy 53 adamy geçen ýylyň sentýabrynda amala aşyrylan terror hüjümi bilen baglanyşykly günäli tapdy.

Geçen ýylyň 3-nji sentýabrynda janyndan geçen bir hüjümçi üsti partlaýyjy maddaly maşyny Hojent şäheriniň guramaçylykly jenaýata garşy göreş boýunça edarasynyň jaýyna süsdürip, partladypdy. Şol wakada 2 polisiýa işgäri we 2 ýerli ýaşaýjy ölüp, 28 adam hem ýaralanypdy.

Täjigistanyň sudy şu gün bu işde aýyplanýanlardan 5-sini ömürlik türme tussaglygyna, beýleki 48 adamy bolsa 8 ýyl bilen 30 ýylyň aralygynda dürli möhletleýin türme tussaglygyna höküm etdi.

Sogd welaýatynyň sudy tussaglyga höküm edilen bu 53 adamdan 43-siniň kanun tarapyndan gadagan edilen Özbegistanyň Yslam Hereketiniň agzalarydygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG