Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan bilen Türkiýe gaz konsorsiumyny döredýär


Şu gün Azerbaýjan bilen Türkiýe Azerbaýjanyň gazyny Türkiýä we Ýewropa akdyrmaklygy göz öňünde tutýan gaz proýekti boýunça özara konsorsium döretmek baradaky memoranduma gol çekdiler.

Hususan-da, Ankarada geçen ikitaraplaýyn gepleşiklerden soň bu baradaky özara düşünişmeklik memorandumyna Türkiýe bilen Azerbaýjanyň energetika ministrleri gol goýdular.

Bu gürrüňi edilýän «Trans-Anadoly» gaz proýekti Azerbaýjanyň gazyny «Şa Deňiz» gaz ýatagyndan Türkiýä, soňra-da Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna ýetirmekligi göz öňünde tutýar.
XS
SM
MD
LG