Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saleh ABŞ-a “diňe kanunyň çäklerinde baryp biler”


Şu gün Birleşen Ştatlaryň hökümeti Ýemeniň prezidenti Ali Abdulla Salehiň diňe kanunyň çäklerinde öz saglygyny bejertmegi üçin Birleşen Ştatlara goýberilip bilinjekdigini mälim etdi.

Birleşen Ştatlaryň hökümet resmileriniň maglumatyna görä, Ýemeniň prezidenti geçen hepde bu baradaky haýyş bilen Birleşen Ştatlaryň Ýemendäki ilçihanasyna ýüz tutupdyr.

Bu wakanyň fonunda bolsa, geçen şenbe güni prezident Ali Abdulla Salehiň howpsuzlyk güýçleri ýurduň paýtagtynda 9 sany sany protestçini atyp öldürdiler.

Protestçiler soňky bir ýylyň dowamynda geçirilen demonstrasiýalar wagtynda öldürilen parahat ýaşaýjylaryň ölümi üçin prezident Ali Abdulla Salehiň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegini talap edýärler.
XS
SM
MD
LG