Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda bolan partlamada azyndan 5 adam öldi


Şu gün Yragyň paýtagty Bagdatda, Içeri işler ministrliginiň binasynyň öňünde içine bomba ýerleşdirilen bir maşyn partladylanda azyndan 5 adam öldi. Ölenlerden 4-siniň polisiýa işgärleridikleri habar berilýär.

Maglumata görä, bu güýçli partlamada azyndan 32 adam ýaralanypdyr.

Bu wakanyň öňýany, geçen hepdäniň penşenbe güni Bagdadyň territoriýasynda amala aşyrylan 10-dan gowrak partlamada jemi 60-dan gowrak adam ölüpdi.

Bu wakalar şaýylar tarapyndan dolandyrylýan Yragyň hökümeti bilen sünni güýçleriniň arasynda syýasy dawalaryň güýçlenen günlerine gabat geldi.
XS
SM
MD
LG