Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde 5,7 million dollarlyk platin ogurlandy


Ýekşenbe güni agşam Orsýetiň Astrahan şäherindäki bir zawoddan näbelli adamlar bahasy 5,7 million dollarlyk platin guýmalaryny ogurladylar.

Orsýetiň organ işgärleri bu wakada elleri sapançaly birnäçe ogrynyň gijeki iş smenasy wagtynda zawoda girip, işgärlere sapançalaryny çenäp, takmynan, 40 töweregi platin slitkasyny alyp gidendiklerini aýdýarlar.

Olaryň sözlerine görä, ogurlanan gymmatbaha platin sitkalarynyň umumy agramy 150 kilograma golaý.

Organ işgärleri häzirki wagt bu ogrulary ele salmak boýunça Astrahan oblastynda gözleg işleriniň alnyp barylýandygyny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG