Sepleriň elýeterliligi

Aktiwistler: Siriýada azyndan 13 protestçi öldürildi


Siriýanyň oppozision aktiwistleri duşenbe güni ýurduň Homs şäherinde howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 13 sany protestçini atyp öldürendiklerini habar berdiler.

Bu wakanyň fonunda duşenbe güni Arap Ligasyndan 50 sany gözegçiniň Siriýa barmagyna hem-de protestçilere garşy güýç ulanylmagy bilen baglanyşykly wakalar boýunça derňew geçirmegine garaşylýar.

Ýöne Siriýanyň hökümeti synçylaryň bu toparynyň ýurda barandygy ýa barmandygy barada häzirlikçe hiç hili maglumat ýaýratmady.

Birleşen Milletler Guramasy soňky dokuz aýa golaý wagt bäri Siriýada dowam edýän protest çykyşlarynyň barşynda 5 müňden gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG