Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa: Hytaý Orsýetiň ornuny alyp başlady


Hytaýyň prezidenti Hu Jintao (sagda) we Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ýyllyk Aziýa konferensiýasy boýunça 10-njy Boao forumynda, 2011-nji ýylyň 15-nji apreli.
Hytaýyň prezidenti Hu Jintao (sagda) we Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ýyllyk Aziýa konferensiýasy boýunça 10-njy Boao forumynda, 2011-nji ýylyň 15-nji apreli.
Hytaý Halk Resbublikasynyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen alyp barýan syýasy, söwda-ykdysady gatnaşyklarynda öňki döwürler bilen deňeşdirilende, soňky ýyllarda göze ilýän ilerleme bar. Bu hem öz gezeginde dürli garaýyşlaryň we soraglaryň döremegine sebäp bolýar. Bir tarapdan, Hytaý bilen söwda, ykdysady gatnaşyklar össe, beýleki bir tarapdan, sebitdäki käbir syýasy aktýorlaryň arasynda bähbit gapma-garşylygy döredi.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlara, şeýle-de Hytaýyň Merkezi Aziýa sebitindäki täsirine has içginräk nazar salmak maksady bilen, Merkezi Aziýa-Kawkaz Institutynyň we “Ýüpek ýoluny öwreniş programmasynyň” bölüm direktory, Johns Hopkins Uniwersitetiniň ýanyndaky Paul H. Nitze adyndaky halkara barlaglar merkeziniň ylmy işgäri, “Hytaý we Ýewraziýa gatnaşyklary forumy” neşiriniň baş redaktory, Hytaýyň daşarky gatnaşyklary boýunça bilermeni Niklas Swanstrom bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Niklas, başda Hytaýyň Merkezi Aziýa haçan aralaşmaga başlanlygyndan söz açsaňyz gowy bolardy. Sebäbi soňky döwürde gürrüňi edilýän sebitde Hytaýyň täsiri göz-görtele artyp barýar.

Niklas Swanstrom
Niklas Swanstrom
Niklas Swanstrom: Merkezi Aziýa döwletleri sowet okkupasiýasyndan azat bolansoň, Hytaýyň bu regiona täsiri başlandy diýse bolar. Ýagny, regionyň ýurtlary garaşsyzlyklaryny yglan edeniniň yzysüre Hytaý hem sebite aralaşmaga başlady. Ýöne siziň hem belläp geçişiňiz ýaly, belki, soňky 7-8 ýylyň dowamynda Hytaýyň Merkezi Aziýa döwletlerine ýatyrýan sermaýasynda, şeýle-de regiondan araýan umumy bähbidinde uly özgerişlik boldy. Bu hem ykdysady hem-de syýasy pudaklary öz içine alýar.

Azatlyk Radiosy: Hytaýyň Merkezi Aziýadaky bähbitleri barada has anygrak gürrüň beräýseňiz.

Niklas Swanstrom: Garaz, bir söz bilen aýtmaly bolsa, onda men muny “puluň edýän oýny” diýen häsiýetlendirme bilen düşündirerdim. Hytaýyň Merkezi Aziýadan görýän esasy bähbitleri energiýa, tebigy resurslar we söwda gatnaşyklarydyr. Merkezi Aziýa, umuman alanyňda, Hytaý üçin örän kiçi bazar bolsa-da, haçan-da Eýrany we Ýewropany hasaba alsaň, onda Pekin bu gatnaşyklara uly üns berýär. Sebäbi, geljekde Merkezi Aziýanyň dünýäniň beýleki böleklerine hytaý harytlaryny daşamak üçin esasy transport geçelgesine öwrülmegi-de mümkin. Hytaý bu gün Merkezi Aziýa esasan öz ykdysady bähbitlerinden ugur alyp çemeleşýär.

Ozalbaşda Hytaý Merkezi Aziýa özüniň ýurduň içindäki howpsuzlyk meselelerini göz öňünde tutup, aralaşypdy. Pekin, eger-de Merkezi Aziýa döwletleri “durnukly ýagdaýda” özgermese, onda munuň Hytaýyň günbataryndaky Sintzýan (Uýgurystan) sebitine ýaramaz täsiriniň bolup biljekliginden howatyrlanýardy. Şol sebäpli-de başda howpsuzlyk meselesine juda ýokary derejede üns berilýärdi. Ýöne bu tendensiýa häzir gaty pese gaçdy. Sebäbi häzir Merkezi Aziýa döwletlerinde “durnukysyzlyk” diýen ýagdaý ýok. Sintzýan sebiti hem indi Hytaýyň içki hopwsuzlyk meselesine gorky salanok. Şu säbäpli bu mesele Hytaýy indi onçakly bir gyzyklandyrmaýar.

Ýöne beýleki bir tarapdan, ýagny umumy howpsuzlyk jähtinden Merkezi Aziýa Hytaý üçin juda wajyp. Sebäbi Hytaý Owganystandaky, Fergana jülgesindäki ýagdaýlardan aladalanýan bolsa, ol şol bir wagtda halkara ýagdaýlaryň hem durnuksyzlaşmagyndan habardar bolýar.

Azatlyk Radiosy: Siz ýaňy bir sözüňizde Hytaýyň Merkezi Aziýada esasan energiýa bähbitlerinden ugur alýandygyny aýtdyňyz. Bu ugurda Hytaý Türkmenistan bilen has içgin gatnaşyklary saklaýar. 2009-njy ýylda işe girizilen Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisi başda ýylda 40 milliard kubometr möçberde gaz akdyrmaga niýetlenip gurlan bolsa, bu gazgeçirijiniň geçirijilik ukyby soň 60 milliard kubometre çenli artdyrylmaly edildi. Muňa Pekiniň, mysal üçin, Orsýetden ýa-da Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan daşgary bir alternatiw energiýa çeşmesini aramagy hökmünde baha berip bilerismi?

Niklas Swanstrom: Energiýa Pekin üçin juda möhüm. Hytaýyň Merkezi Aziýa bilen alyp barýan söwda gatnaşyklaryndaky ileri tutulýan ugurlar nebit we gazdyr. Ýöne bärde bellenilip geçilmeli bir möhüm ýagdaý bar. Hytaýyň Merkezi Aziýadan alýan gazy, onuň umumy import edýän energiýa serişdeleriniň diňe 4%-ni düzýär. Ýagny, meniň bärde diýjek bolýanym Hytaýyň Merkezi Aziýadan alýan energiýasy onuň umumy energiýa importy bilen deňeşdirilende juda ujypsyz. Ýöne şol bir wagtda munuň möhüm häsiýete eýedigini hem inkär edip bolmaz.

Şeýlelikde Hytaý Merkezi Aziýadan alýan energiýa serişdeleriniň möçberini artdyrsa-da, Orsýet hem Ýakyn Gündogar bilen bu ugurdaky gatnaşyklaryny saklar. Onsoň Merkezi Aziýanyň energiýa serişdeleriniň Hytaý üçin möhümlik derejesini artyk çişirmeli däl. Ýöne her niçigem bolsa, bu Hytaýyň Merkezi Aziýa bilen alyp barýan gatnaşyklaryndaky möhüm ugur we özüniň energiýa harajatlarynyň bir bölegi bolup galýar.

Azatlyk Radiosy: Niklas, Hytaýyň Merkezi Aziýa has içgin aralaşmagy, sebitdäki käbir beýleki syýasy oýunçylar, ýagny Orsýet ýaly döwletler bilen gapma-garşylyklaryň döremegine getirmezmi?

Niklas Swanstrom: Meniň pikirimçe, sebitde Orsýet bilen Hytaýyň arasynda bähbit ugrunda nähilidir bir söweş meýdanynyň döremegi mümkin. Biz Orsýetiň we Hytaýyň juda meňzeşdigini, olaryň umumyrak maksatlarynyň bardygyny köp eşidýäris. Bu iki döwletiň özara gatnaşyklary-da edil häzirkisi ýaly gowy bolmandy. Ýöne, haçan-da gürrüň Merkezi Aziýa sebiti barada gidende, bu iki ýurduň birek-birekden nädejede tapawutlydygy, şeýle-de olaryň arasynda bähbit gapma-garşylyklarynyň bardygy äşgär bolýar. Mysal üçin, Merkezi Aziýada Hytaý has köp ykdysady bähbitlere üns berýän bolsa, Orsýet howpsuzlyga ýykgyn edýär.

Ykdysady ugur boýunça öňdäki orunda gürrüňsiz Hytaý dur. Ol Merkezi Aziýanyň iň iri söwda hyzmatdaşydyr. Beýleki bir tarapdan, Orsýet sebitdäki howpsuzlyk meselesinde agalygy elinde saklaýar. Merkezi Aziýa onlarça ýyllaryň dowamynda Orsýetiň daşky howlusy hökmünde garalypdy. Häzir bolsa Hytaý mümkin bolan ugurlar boýunça sebitde öz täsirini artdyrmaga çalyşýar. Bu, elbetde, Moskwanyň göwnüne ýakmaz.

Azatlyk Radiosy: Siz “Hytaýyň Merkezi Aziýadaky orny: Gowşak we Berk güýç” atly makalaňyzda, “Gowşak” hem “Berk” aňlatmalaryny ulanmak bilen näme diýjek bolduňyz?

Niklas Swanstrom: Men “Gowşak güýç” diýmek bilen, bir döwlete hiç bir harby güýç ulanmazdan öz täsiriňi ýetirmek synanyşygyny göz öňünde tutupdym. Muňa ykdysady gatnaşyklar, medeniýetiň we habar serişdeleriniň täsiri ýaly zatlar girýär. Meniň pikirimçe, bu ugurda Hytaý belli bir öňegidişlik gazandy. “Berk güýç” nazarýetinden seredilende, Hytaý Orsýetden diýseň uzakda. Ýöne, dogra dogry diýmeli, Orsýet “Gowşak güýç” babatynda hem Merkezi Aziýa sebitinde öňdebaryjylygy eýeleýär. Sebäbi ors dili, medeniýeti, edebiýaty entegem bu sebitde gowy garşylanýar. Şu nukdaýnazardan, Merkezi Aziýada Orsýet bilen Hytaýyň täsirlerini asla biri-birine garşy goýup bolmaz. Sebäbi “Gowşak güýç” diýip ulanan aňlatmamyz boýunça hem Orsýet Hytaýdan telim esse öňde barýar.

Azatlyk Radiosy: Merkezi Aziýa döwletlerindäki adaty adamlaryň arasynda hytaýlylara garşy belli bir derejede ýakymsyz garaýşyň bardygy barada maglumatlar gowuşýar. Siz bu ýagdaý barada näme aýdyp bilersiňiz?

Niklas Swanstrom: Hawa, beýle ýagdaý bar. Bu, hususan-da, Gyrgyzystanda gaty duýulýar. Şuňa meňzeş ýagdaýlary Gazagystanda hem görmek bolýar.

Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetinde belli bir derejede “hytaý basybaljylygy” diýen bir zat bar. Hytaý kompaniýalary köp halatlarda ýerli kärhanalardan üstün çykýar. Munuň netijesinde-de ýerli ilatyň arasynda hytaýlylara garşy nähilidir dartgynlylyk döreýär. Ýöne, dogrusyny aýtmaly bolsa, muny Hytaýyň hökümeti däl-de, eýse hytaý biznesmenleri amala aşyrýarlar.

Azatlyk Radiosy: Niklas, eger-de on ýyl öňe gitsek, şol döwürde Hytaý bilen gatnaşyklarda Merkezi Aziýa nähili ýagdaýda bolar?

Niklas Swanstrom: Meniň pikirimçe, ýene-de on ýyldan Merkezi Aziýada has köp gazgeçiriji turbalar bolar. Hytaýdan başlap, Merkezi Aziýanyň üstünden geçip, Ýewropa, Eýrana we Ýakyn Gündogara çenli uzaýan söwda ýollary bolar. Merkezi Aziýa ýene nobatdaky gezek, edil geçmişde bolşy ýaly, söwda we aragatnaşyk merkezine öwrüler.
XS
SM
MD
LG