Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

D.Koreýanyň mediasy Kim Çen Una ýolbaşçy hökmünde ýüzlendi


Demirgazyk Koreýanyň ýerli mediasy Kim Çen Una ýurduň başyndaky Işçiler partiýasynyň merkezi komitetiniň başlygy hökmünde ýüzlendi. Kim Çen Un Demirgazyk Koreýanyň ozalky lideri merhum Kim Çen Iriň ogludyr.

Mundan öň, Kim Çen Un ýerli metbugatda ýurduň armiýasynyň “belent serkerdebaşysy” diýlip hem atlandyrylypdy.

Bu aralykda Demirgazyk Koreýa Kim Çen Iriň patasyna Günorta Koreýadan delegasiýa geldi. Delegasiýanyň başynda Günorta Koreýanyň ozalky prezidentiniň aýaly, şeýle-de “Hundai” toparynyň ýolbaşçysy hem bar.
XS
SM
MD
LG