Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde harby razwedkanyň başlygy täzelendi


Orsýetde harby razwedka gullugynyň, ýagny GRU-nyň başlygy täzelendi.

Goranmak ministrliginiň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, general-maýor Igor Sergun Kremliň görkezmesi bilen GRU-nyň başlyklygyna bellenipdir.

Edaranyň ozalky ýolbaşçysy Aleksandr Şlýahturowdy.

GRU-nyň işi 1918-nji ýyldan, ýagny Bolşewik rewolýusiýasynyň başky aýlaryndan bäri dowam edip gelýär. Orýsetiň beýleki gizlin gulluklaryndan tapawutlylykda, SSSR dargansoň, edaranyň ady üýtgedilmedi.
XS
SM
MD
LG