Sepleriň elýeterliligi

Arap Ligasynyň gözegçileri Homs şäherine barar


Şu gün Arap Ligasynyň gözegçileriniň Siriýanyň Homs şäherine barmagyna garaşylýar.

Aktiwistleriň maglumatyna görä, duşenbe güni Homs şäherine tanklardan ot açylanda azyndan 30 adam ölüpdir.

Geçen anna güni Damaskda amala aşyrylan bomba hüjümlerinde 44 adamyň ölmeginden soň, Homsdaky çaknyşyklar hem ýaýbaňlandy.

Duşenbe güni Arap Ligasyndan 50 gözegçi Siriýada prezident Başar al-Assadyň garşydaşlary bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda dokuz aý bäri dowam edýän ganly çaknyşyklary togtatmak üçin Siriýa gelipdi.
XS
SM
MD
LG