Sepleriň elýeterliligi

Milli azatlyk ugrunda göreşiji — Mustafa Çokaý


Mustafa Çokaý

Mustafa Çokaý

Mustafa Çokaý geçen asyryň başlarynda Merkezi Aziýadaky iň tanymal şahslaryň biri, Türküstan awtonomiýasynyň premýer-ministri, Türküstanda milli azat edijilik hereketiniň liderlerinden biri bolupdy.

Sowetler döwründe ol taryhy şahsyň ömür ýoluny ýa-da işlerini öwrenmek berk gadagançylyga düşdi. Şeýle-de bolsa, dürli sebäpler bilen onuň ady häli-şindi ýatlanyp durulýardy. Indi ol şahsyň biziň aramyzdan gidenine laýyk 70 ýyl boldy. Bir geň ýagdaý, näçe wagt geçdigiçe ol bize ýakynlaşdy hem has tanyş şahsa öwrüldi.

Mustafa Çokaý 1889-njy ýylyň 25-nji dekabrynda günorta Gazagystanyň öňki Ak meçet, soňraky Gyzyl Orda şäheriniň golaýyndaky Narşoky gyşlagynda, gurply hem abraýly adamyň maşgalasynda dünýä indi. Ol üç erkek doganyň ortanjysy bolupdyr. Çaga wagtyna oba mekdebinde, oglanlyk hem ýetginjeklik ýyllarynda Daşkentdäki Türküstan çagalarynyň gimnaziýasynda gowy bilim alypdyr. Soňra Peterburg uniwersitetiniň ýuridiki fakultetini tamamlapdyr.

Onuň gimnaziýa hem studentlik ýyllary örän dartgynly döwre, syýasy çaknyşyklaryň dowam edýän wagtyna gabat gelýär. Şol döwürde Günbatarda 1-nji Jahan urşy-da barýardy. Aýratyn-da, 17-nji ýylyň başynda bolup geçen Fewral rewolýusiýasyny Mustafa Çokaý ýakyndan synlapdyr. Şol rewolýusiýanyň yz ýany Orsýetde döredilen Wagtlaýyn hökümete giren we soňra onuň ýolbaşçysy bolan Aleksandr Kerenskini ýakyndan tanapdyr. Öz wagtynda A.F. Kerenskiý hem Daşkent gimnaziýasynda okan ekeni.

Şol syýasy hereketler, Orsýetde bolýan özgerişlikler hem onuň baknalygyndaky Türküstan halkynyň agyr sosial ýagdaýy Mustafa Çokaýyň syýasy garaýyşlarynyň kämilleşmegine güýçli täsir edipdir. Ol öz döwrüniň öňdebaryjy hem tanymal şahslarynyň ençemesi bilen duşuşypdyr, olar bilen pikir alşypdyr. Onuň esasy maksady Türküstany Russiýanyň kolonial zulumyndan halas etmek bolupdyr. Sebäbi Türküstan öz dürli etniki düzümi, öňki ýaşap gelen taryhy şertleri, dini ynanjy hem sosial-ykdysady ýagdaýy babatynda, Orsýetden düýpli tapawutlanypdyr.

Mustafa Çokaýyň aýtmagy boýunça, Türküstanda halk synpy gatlaga bölünmändir we olaryň arasynda synpy çaknaşyk bolmandyr. Şonuň üçin ykdysady maksat bilen geçiriljek reformalara syýasy gatlagyň arasyndaky barlyşyksyz göreş hökmünde däl-de, ýerli şertlere görä çemeleşmelidigini öňe sürüpdir. Ol bu ugurda owaly bilen rus kolonial süteminden dynmagy esasy şert saýypdyr. Ol bu ugurda ýaş türküstanlylar hem beýleki progressiw pikirli toparlar bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr. Ol Russiýada amala aşýan syýasy özgerişlikleriň hiç biriniň, şol sanda Wagtlaýyn hökümetiň hem, Bolşewikleriňem Türküstanyň halkyna milli azatlyk bermejegine göz ýetiripdir. Şeýlelikde, 1917-nji ýylda Türküstan musulman komitetiniň agzasy, soňra onuň başlygy bolupdyr.

Mustafa Çokaý 1917-nji ýylyň noýabrynda döredilen Türküstan awtonomiýasynyň agzalygyna saýlanýar. 1917-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türküstan awtonomiýasy jar edilýär. Wagtlaýyn hökümetiň düzümine ýerli milletleriň ählisinden wekiller, şol sanda musulman däl milletlerden hem wekiller girýär. Hökümeti dolandyrmak işi Mustafa Çokaýa tabşyrylýar.

Türküstan awtonomiýasyny Merkezi Aziýadaky ähli milletler goldapdyrlar. Türküstan awtonomiýasy bary-ýogy 64 gün ýaşap bilipdir. Bu awtonomiýa 1918-nji ýylyň 13-nji fewralynda Gyzyl Goşun tarapyndan wagşylarça basylyp ýatyrylýar. Şondan soň Mustafa Çokaýyň durmuşynda sergezdançylykly döwür başlanýar.

Fransiýada ýaşamaly bolýar

Mustafa Çokaý Orsýetiň dürli şäherlerinde, az wagtlyk Kawkazda, Türkiýede, soňra Fransiýada ýaşamaly we işlemeli bolýar. 1919-njy ýylyň başynda Krasnowodskide hem Aşgabatda bolup görüpdir. Örän sowatly hem düşünjeli bu ynsan öz ene dili bilen birlikde çagataý dilini göwy özleşdiripdir. Türk dilinde erkin ýazmagy hem gürlemegi başarypdyr. Rus dili onuň ikinji ene dili ýaly bolupdyr. Fransuz hem iňlis dillerini bilipdir. Şol bilimi oňa dürli dillerde makalalar ýazmaga hem örän abraýly tribunalarda çykyş etmäge şert döredipdir.

Mustafa Çokaý Fransiýada ýaşan döwründe “Ýaş Türküstan” žurnalyny esaslandyrýar. Mustafa Çokaýyň ýiti sözi, yzygiderli çykyşy hökümet başynda oturan bolşewikleri (kommunistleri) Türküstanyň halky, olaryň maddy hal-ýagdaýy barada alada etmäge mejbur edipdir. Iňlis dilinde ýazan “Türküstanda basmaçylyk hereketi” atly uly göwrümli maklasynda türkmen halkynyň watançy ogly Jüneýit han – Gurbanmämmet serdar barada giňişleýin maglumat beripdir.

Türkmen intelligensiýasynyň arasynda Mustafa Çokaýyň nä derejede tanalýandygy barasynda Aşgabatda ýaşaýan edebiýatçy hem žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewe şeýle gürrüň berdi.

—Mihail Gorbaçýowyň Üýtgedip gurmak zamanyndan 90-njy ýyllaryň ortalaryna çenli Moskwada hem Gazagystanda çykan gazet-žurnallaryň hem kitaplaryň üsti bilen türkmen intelligensiýasy Mustafa Çokaý barada köp zatlary öwrenipdi. Ýöne Garaşsyzlygyň “Altyn asyry” zamanynda türkmen studentleri ýa-da ýaşlar Mustafa Çokaý barada bir zatlar bilýändir diýmek gaty kyn. Mekdep hem ýokary okuw jaýlarynyň okuw sapaklarynda beýle adamlaryň hyzmaty öwredilmeýär. Ýöne 90-njy ýyllaryň başlarynda türkmen taryhyna dogry baha bermek üçin, taryhçylar öndümli işlediler. Mysal üçin, 90-njy ýyllaryň başynda, biz studentkäk, akademikler Şamyrat Täşliýew, Myrat Annanepesow ýaly taryhçy alymlarymyz Türkmen döwlet uniwersitetiniň Aktlar zalynda isleg bildiren talyplar hem mugallymlar üçin Türkmenistanyň Russiýa birikdirilişi, Oktýabr rewolýusiýasy diýilýäni, bolşewiklere garşy türki halklaryň göreşi hakynda tapgyrlaýyn leksiýalar beripdi. Akademik Ş. Täşliýewiň bir leksiýasy Mustafa Çokaýyň bitiren hyzmatyna bagyşlanypdy. Ol döwürde halkam, studentlerem milli taryhy öwrenmäge teşnediler. Häzir belli derejede internet mümkinçilikleri ösdi. Internetiň üsti bilen taryhy materiallry öwrenmäge päsgelçik ýok diýerlik. Diňe ol materiallay okap-öwrenmek üçin, bolmanda iňlis ýa rus dillerini bilmek gerek. Mustafa Çokaý ýaly adamlaryň taryhyň öňünde bitiren hyzmatyny internet üsti bilen öwrenýän ýaşlarymyzyň azda-kände bardygyny aýtmak ýakymly.

Hudaýberdi Hally Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG