Sepleriň elýeterliligi

“Al-Kaýda” Yrakdaky partlamalaryň jogapkärçiligini öz üstüne aldy


Şu gün “Al-Kaýdanyň” Yrakdaky bir topary geçen hepde Bagdat şäherinde 69 adamyň ölümine getiren partlamalaryň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, beýanat ýaýratdy.

Özüni “Yragyň yslam döwleti” diýip atlandyrýan bu topar öz internet saýtynda ýaýradan bu maglumatynda geçen hepde amala aşyrylan şol hüjümleri “Penşenbe basyp alyşlygy” diýip atlandyrypdyr we onuň sünnüleri goldamak maksady bilen amala aşyrylandygyny nygtapdyr.

Geçen hepdäniň penşenbe güni Bagdadyň dürli künjeklerinde 10-dan gowrak partlama amala aşyrylypdy.
XS
SM
MD
LG