Sepleriň elýeterliligi

Çernogoriýada 16 adam neşe bilen baglanyşykly tussag edildi


Şu gün Çernogoriýanyň polisiýasy bu ýurtda halkara neşe gaçakçylygyna degişli bir jenaýatçy topara garşy geçirilen operasiýada 16 adamyň tussag edilendigini habar berdi.

Şuňa meňzeş operasiýa şu gün Balkan regionyndaky Bosniýada we Albaniýada-da geçirildi.

Bosniýanyň Bunja-Luka şäheriniň polisiýa edarasynyň metbugat sekretary Mirna Soýa bu ýurtda-da neşe gaçakçylygy bilen meşgullanýan jenaýatçy toparlaryň agzalaryny tussag etmek boýunça çäreleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Ýöne ol edil häzirki wagt näçe adamyň tussag edilendigini mälim etmedi.

Şeýle operasiýalaryň şu gün Horwatiýada we Serbiýada-da başlanandygy habar berildi. Balkan ýurtlary Günbatar Ýewropa ýurtlaryna barýan bikanun neşe serişdeleriniň esasy geçelgelerinden biri hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG