Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bilermen: Aşgabat daşardan hemaýatkär gözleýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Gorkide, 23-nji dekabr.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Gorkide, 23-nji dekabr.
Türkmenistanyň prezidenti 23-nji dekabrda Moskwa gününlik sapar etdi. Orsýet tarapy-da, türkmen metbugaty-da bu sapar hem Gurbanguly Berdimuhamedowyň Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew, premýer-ministri Wladimir Putin bilen geçiren gepleşikleri, taraplary gyzyklandyrýan hem gozgalan meseleler barada gurak maglumat bermek bilen çäklendiler.

Bu saparyň maksady hem onuň bolmagy mümkin sebäpleri barasynda Azatlyk Radiosyndan Nazar Hudaýberdi Moskwadaky GDA institutynyň uly ylmy işgäri, syýasaty öwreniji Andreý Grozin bilen geçirilen interwýu geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Orsýetiň habar serişdeleri näme üçin Berdimuhamedowyň Moskwa sapary barada gurak maglumat bilen çäklendiler?

Andreý Grozin: Gepleşikler gizlin, ýüzbe-ýüz geçirildi. Şonuň üçinem Berdimuhamedow Moskwa gelen bolsa gerek. Iki adam terjimeçisiz gürleşýän bolsa, habarlaryň üçünji birine syzjak aladasy ýok. Maglumat düýpden ýok diýerlik. Türkmenistan bilen gatnaşyklarda gaz boýunça partnýorlyk esasy orunda durýar, şol barasynda gürrüň edilendir.

Azatlyk Radiosy: Sapardan ozal ors metbugatynda Türkmenistanda ýaşaýan we goşa raýatlygy bolan graždanlar, “Transhazar” proýekti, Günorta Ýolöten gaz ýatagyndaky gazyň möçberi ýaly meseleler boýunça ýiti materiallar hem olara türkmen tarapynyň ýiti reaksiýalary peýda boldy. Saparda şol meselelere seredildimikä?

GDA institutynyň uly ylmy işgäri, syýasaty öwreniji Andreý Grozin
GDA institutynyň uly ylmy işgäri, syýasaty öwreniji Andreý Grozin
Andreý Grozin: Goşa raýatlyk barasynda gürrüň bolandyr öýdemok. Onuň ýaly meseleler ors häkimiýetleri üçin soňky derejeli meseleler. Men Orsýetiň ideologiýa taýdan aşa sagçy hem çepçi ekspertleri bilen gürleşip görýärin, “Transhazar” proýekti, olaryň pikiriçe, ors ýolbaşçylary üçin möhüm, olary gyzyklandyrýan mesele. Şol turba gurlarmy, eger gurulsa, nähili şertlerde gurlar, onuň netijesi Orsýetiň we Ýewropanyň gaz bazaryna nähili täsir ýetirer. Ine, esasy şular. Watandaşlaryň hukuklary – biziň üçin onunjy mesele.

Azatlyk Radiosy: Ýewropada gaza bolan isleg pese gaçdy. Şonuň üçin Orsýet Türkmenistandan alýan gazynyň möçberini azaltdy. Bu ýerde gaz üçin dawa esas ýok ýaly?

Andreý Grozin: Hawa, gürrüňsiz. Şonuň üçin ýakyn geljekde, meniň pikirimçe, “Transhazar” turbasy gurulmaz. Orsýetiň “Günorta akym” proýektem gurulmasa gerek. Häzirki bar turbalaryň Ýewropanyň islegini kanagatlandyrýandygy üçin uly möçberde inwestisiýalar talap edýän täze turbalary gurmaga zerurlyk ýok.

Azatlyk Radiosy: Orsýet-Türkmenistan gatnaşyklarynda nähili möhüm meseleleri görýärsiňiz?

Andreý Grozin: Energetika hem şonuň bilen bagly meseleler. Orsýet üç döwlet tarapyndan döredilen täze gümrük bileleşigine Türkmenistanyň agza bolmagyny isleýär, muny häzir göz öňüne getirmek kyn. Ýöne Türkmenistan geljek ýyl GDA başlyklygy aldy. Şu wagta çenli ol wezipäni başga bir ýurduň üstüne atyp gelýärdi. Daşary syýasaty bitaraplyga hem integrasiýalara goşulmazlyga gönükdirilen Türkmenistanyň daşary syýasaty soňky döwürde biraz özgerýär. Onuňam sebäbi dünýäniň syýasy kartasy üýtgeýär. Arap bahary, Eýranyň töweregindäki ýagdaýyň ýitileşýändigi, ýakyn ýyllarda Owganystanyň töwereginde bolýan we boljak ýagdaýlar – şularyň jemi Aşgabady daşary syýasatyny biraz üýtgetmäge mejbur edýär. Şol prosesler özüni alada goýýany sebäpli Orsýetem Aşgabada bolan gatnaşyklaryny üýtgedýär.

Azatlyk Radiosy: Şu aýdylanlaryň fonunda Berdimuhamedow, Medwedew we Putin birek-birekden nämeler isleýärler?

Andreý Grozin: Bu liderlerde umumylyklar bar, olar awtoritar ýolbaşçylar. Görlüp oturylsa, postsowet döwletlerinde umumy zerurlyklar esasynda döreýän hususy gatnaşyklar, ýakynlyklar esasy rol oýnaýan bolup çykýar. Meniň pikirimçe, Putin we Medwedew Berdimuhamedowa pozitiw seredýär. Şonuň üçinem köp meselede geçirimlilik edilýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň üstünden geçýän neşe ýoly barasynda Orsýetiň metbugatynda material ýok diýerlik. Muny Täjigistan ýa Gyrgyzystan barada aýdyp bolmaz. Geljek ýylyň martynda Orsýetde boljak prezident saýlawlaryndan soňam Aşgabada bolan gatnaşyklar üýtgemez, öňküligine galar diýip, pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: “Arap bahary”, “Orsýet gyşy” diýlip atlandyrylýan faktorlar geljek ýyl Türkmenistanda boljak saýlawlara täsir ýetirip bilermi?

Andreý Grozin: Täsir ýetirer öýdemok. Sebäbi Türkmenistan örän ýapyk ýurt. Režim ýeterlik derejede gazaply. Demir perdäniň saklanýandygyna garamazdan, bäş ýyl mundan öňki hem şu günki Türkmenistany deňeşdirsek, globallaşma prosesi bu ýurdy ýuwaş-ýuwaşdan açýar. Barybir Ýakyn we Orta Gündogarda, Orsýetde bolup geçýän wakalar, serhetleriň berkdigine, pugta goralýandygyna garamazdan, Türkmenistana täsir ýetirýär. Şonuň üçinem türkmen häkimiýetlerinde ätiýaç bar. Şu aýdylanlaryň fonunda Aşgabat daşardan ynamdar hemaýatkär gözleýär. Şolaryň biri-de, elbetde, Hytaý. Ýöne Orsýet şol islenýän hemaýatkäre gowy gabat gelýän ýurt.
XS
SM
MD
LG