Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanda 92 sany tussagyň günäsi geçildi


Şu gün Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew 92 sany tussagyň, şol sanda syýasy aktiwist Jabbar Sawalanliniň günäsini-de geçmek barada permana gol çekdi.

Azerbaýjanyň Halk Fronty atly oppozision partiýasynyň agzasy, 20 ýaşly Jabbar Sawalanli şu ýylyň başynda «Feýsbuk» sosial setinde hökümete garşy demonstrasiýa gurnalmagyna çagyryş edip maglumat ýaýratmagynyň yzy bilen tussag edilipdi.

Ýöne maý aýynda sud ony bikanun neşe serişdelerine eýelik edenlikde günäli tapyp, oňa 2,5 ýyl türme tussaglygyny beripdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy köp guramalar onuň türme tussaglygyna höküm edilmegini syýasy taýdan galplaşdyrylan iş diýip atlandyryp gelipdiler.
XS
SM
MD
LG