Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen maslahat geçirdi


Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow wideo aragatnaşygy arkaly welaýat häkimleri bilen gaýybana maslahat geçirdi.

Maslahatda Ahal, Lebap, Daşhowuz, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimleri, esasan, bu welaýatlarda alnyp barylýan oba-hojalyk işleri hem-de täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyklar barada ýurduň prezidentine hasabat berdiler.

Welaýat häkimleri bilen birlikde, Aşgabat şäheriniň häkimi-de paýtagtda alnyp barylýan gurluşyk-abadanlaşdyryş işleri barada hasabat bilen çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG