Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arap Ligasynyň synçylary Homs şäherine bardylar


Duşenbe güni Siriýa baran Arap Ligasynyň synçylary ýurduň Homs şäherindäki ýagdaýlara syn etmäge bardylar. Homs şäheri prezident Başar al-Assadyň režimine garşy protest çykyşlarynyň yzygiderli dowam edip gelýän şäherlerden biri.

Duşenbe güni Siriýanyň oppozision aktiwistleri bu şäherde harbylaryň protestçilere garşy ýarag ulanmaklary netijesinde azyndan 34 adamyň ölendigini habar berdiler.

Arap Ligasynyň synçylary Siriýanyň hökümetiniň parahatçylyk barada boýun alan borçnamalaryna eýerip-eýermeýändigini anyklamaklygy göz öňünde tutýarlar. Bu parahatçylyk baradaky borçnamalaryň hatarynda demonstrasiýa geçirilýän şäherlerden harby güýçleri çykarmak baradaky borçnamalar hem bar.

Birleşen Milletler Guramasy soňky dokuz aýa golaý wagt bäri Siriýada dowam edýän protestleriň barşynda 5 müňden gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG